Iň täze habarlar

“Bagyr” ýaşaýyş toplumyndaky Medeniýet öýi döwrebaplaşdyrylar

13.11.2023 | 09:27 |
 “Bagyr” ýaşaýyş toplumyndaky Medeniýet öýi döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistnyň Binagärlik we gurluşyk ministrligi Aşgabadyň “Bagyr” ýaşaýyş toplumyndaky 200 orunlyk Medeniýet öýüni döwrebaplaşdyrmak boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu baradaky bildiriş “Türkmenistan” gazetinde çap edildi.

Gyzyklanma bildirýän taraplar öz arzalaryny 15-nji dekabra çenli Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirligine tabşyryp bilerler.

Bagyr – türkmen paýtagtynyň tebigy gözelliklere baý künjekleriniň biridir. Onuň golaýynda “Gadymy Nusaý” taryhy-medeni goraghanasy hem ýerleşýär.

ORIENT news

Foto: construction.gov.tm

Şeýle hem okaň: