Iň täze habarlar

Kuraş sporty boýunça dünýäniň iň ökde türgenleri Aşgabada gelerler

13.11.2023 | 00:40 |
 Kuraş sporty boýunça dünýäniň iň ökde türgenleri Aşgabada gelerler

Aşgabatda geçiriljek Kuraş sporty boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň başlamagyna on gün galdy. Bu çempionat 23 - 28-nji noýabr aralygynda geçiriler.

Türkmenistan wekilçilikli halkara ýaryşlary ozal hem birnäçe gezek geçirdi. Aşgabat Aziýanyň sport merkezine öwrülýär. 2017-nji ýylda paýtagtyň Olimpiýa şäherçesinde ýapyk we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda bolsa Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçirildi.

2023-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti Halkara Kuraş birleşigi bilen 2023-nji ýylyň 23-28-nji noýabrynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň söweş sungaty boýunça sport toplumynda Kuraş sporty boýunça 14-nji dünýä çempionatyny geçirmek barada şertnama baglaşdy. “Bu çempionatda dünýäniň dürli künjeklerinden gelen ýokary derejeli türgenleriň göreşine tomaşa ederis. Bu ýaryş, elbetde, ýylyň iň möhüm wakalarynyň birine öwrüler. Türkmen halkynyň çempionata gatnaşyjylaryň hemmesini mähirli garşy aljakdygyna şek-şübhe ýok. Sport türgenlerini Kuraş sporty boýunça 14-nji dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana baryp görmäge çagyrýaryn " diýip, Halkara Kuraş birleşiginiň başlygy Haýdar A. Farman belledi.

Türkmenistanda bu sport boýunça dünýä çempionaty ilkinji gezek geçirilýär. Halkara Kuraş birleşigi 1998-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda döredildi. Häzirki wagtda bu sport guramasy Aziýa (32), Afrika (22), Ýewropa (33), Demirgazyk we Günorta Amerika (22) we Okeaniýa (9) yklymlaryndan jemi 118 milli sport federasiýalaryny birleşdirýär.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: