Türkmen dizaýneriniň ýygyndysy Sankt-Peterburgdaky “Moda arkalaşygy” forumynda görkeziler
05.11.2023 | 02:00 |9-10-njy noýabrda Sankt-Peterburgda ýeňil senagaty we moda önümçiligi halkara forumy geçiriler diýip, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň sekretariatynyň metbugat gullugy habar berýär.
Çäreler GDA-nyň PA-nyň Baş edarasynda - Tawriýa köşgünde geçiriler. Maksatnamanyň çäklerinde Arkalaşygyň ýurtlaryndan gelen meşhur dizaýnerleriň ýygyndylarynyň sergisi hem bolar.
"10-njy noýabrda Belarussiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan moda dizaýnerleri öz kolleksiýalaryny görkezerler" diýip relizde aýdylýar.
Türkmenistana milli äheňler bilen batyrgaý synag edip, gündogaryň etniki gymmatlyklaryny tötänleýin şäher stili we ýaşlar tendensiýasy bilen birleşdirýän dizaýner Selbi Soltanowa wekilçilik eder.
Forumyň iş meýilnamasy 20 sany tegelek stollary we esasy pudak ugurlary bolan: ykdysadyýet, önümçilik, dizaýn, hünärmenler, medeni däp-dessurlar boýunça umumy mejlisi öz içine alýar.
Bu çäre, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşi tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň we Senagat we söwda ministrliginiň, şeýle hem Ýewraziýa aýallar forumynyň goldawy bilen gurnalýar.
Geçen ýyl bu forum ilkinji gezek geçirildi we ol ýeňil senagaty we moda hünärmenleriniň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Forum amaly netijelere eýe boldy: çärede we onuň ahyrynda birnäçe şertnamalara hem gol çekildi; Arkalaşygyň ýurtlarynyň dizaýnerler indi Sankt-Peterburgyň söwda nokatlarynda has giňden görkezilýär.
ORIENT news