TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň döwlet teatrlarynyň Direktorlar geňeşiniň 10-njy mejlisi Türkmenistanda geçiriler
01.11.2023 | 18:58 |TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň döwlet teatrlarynyň Direktorlar geňeşiniň 10-njy mejlisi geljek ýyl Änew şäherinde geçiriler. Degişli çözgüt Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçirilen degişli Geňeşiň 9-njy mejlisinde kabul edildi diýip, "Report" neşiri habar berýär.
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň biragyzdan makullamagynda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip hem yglan edilipdi. Bu çözgüt baryp-ha 2022-nji ýylda gurama agza ýurtlaryň Medeniýet ministrleriniň hemişelik Geňeşiniň Bursa şäherinde geçen 39-njy mejlsinde kabul edilipdi.
Şeýle hem TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň döwlet teatrlarynyň Direktorlar geňeşiniň 9-njy mejlisinde agza ýurtlarda teatr sungatyny ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy.
ORIENT news