Iň täze habarlar

Energiýa serişdeleriniň Pakistana iberilmegi üçin Ýewraziýada durnuklylygyň üpjün edilmegi zerur

28.10.2023 | 20:06 |
 Energiýa serişdeleriniň Pakistana iberilmegi üçin Ýewraziýada durnuklylygyň üpjün edilmegi zerur

Ýewraziýa giňişliginde durnuklylyga ýardam etmegiň Pakistana energiýa serişdeleriniň bökdençsiz iberilmeginde uly ähmiýeti bar. Bu barada Pakistan Yslam Respublikasynyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi Sajad Haýder Han "BELTA" habarlar agentliginiň habarçysy bilen bolan söhbetdeşliginde mälim etdi. Ol bu ýurtda geçirilen ýokary derejeli "Ýewraziýa howpsuzlygy: özgerýän dünýäde häzirki döwür we geljek" atly halkara maslahatyna gatnaşypdy.

Onuň sözlerine görä, Pakistanyň energiýa bolan talaby Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan nebtiň we gazyň import edilmeginiň hasabyna üpjün edilýär.

1-2.jpg

Bellenişi ýaly, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz geçirijisi we häzirki wagtda gurulýan Merkezi Aziýa - Günorta Aziýa energetika taslamasy ýaly megataslamalar Pakistanyň nebite we gaza bolan barha artýan zerurlyklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Bu taslamalaryň ikisi hem Ýewraziýa sebitinde döredi we şonuň üçin-de bu sebitde durnuklulygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmegiň hususan-da, energiýa serişdeleriniň Pakistana iberilmeginde uly ähmiýeti bar.

Ilçiniň sözlerine görä, Pakistanyň deňiz portlarynyň möhüm ulag merkezi hökmünde Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa ýurtlary üçin uly ähmiýeti bar.

2-3.jpg

Belarus Respublikasynyň paýtagtynda 26-27-nji oktýabrda geçirilen halkara maslahata Ýewropa we Aziýa ýurtlaryndan 300 töweregi wekil gatnaşdy. Şolayrň hatarynda Türkmenistandan wekiller hem bar.

ORIENT news

Foto: belta.by

Şeýle hem okaň: