Iň täze habarlar

«Diyar» žurnaly el işi-alaja bagyşlanan döredijilik bäsleşigini yglan etdi

23.10.2023 | 19:34 |
 «Diyar» žurnaly el işi-alaja bagyşlanan döredijilik bäsleşigini yglan etdi

Türkmeniň milli el işi - alaja bagyşlanan döredijilik bäsleşigi «Diýar» žurnaly tarapyndan geçirilýär. Bu barada bildiriş neşiriň sahypalarynda çap edildi.

Bäsleşik, türkmeniň amaly-haşam sungatyny tanatmaga gönükdirilendir. Bäsleşigiň eminleri, alaja we onuň dokamak senetçiligine bagyşlanan edebi we publisistik mowzuklary kabul edýär. Gatnaşýanlar öz eserlerini dürli žanrlarda hödürläp bilerler.

Eserler türkmen dilinde kabul ediler. Bäsleşigiň eserleri «Diyar» žurnalynyň elektron görnüşinde çap ediler we bäsleşigiň ýeňijileri garaýyşlaryň sany we ygtyýarly eminleriň baha bermegi bilen kesgitlener.

Bäsleşik üçin işler 30-njy noýabra çenli kabul ediler. Ýeňijiler dekabr aýynyň ilkinji günlerinde yglan ediler. Olara gymmatly baýraklar we hormat hatlar beriler.

Gatnaşýanlar öz işlerini Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 100-nji bina (Erkin döredijilik merkezi), «Diýar» žurnalynyň redaksiýasy salgysyna, şeýle hem diyar-zurnaly@xn--sanly-2ha.tm. Elektron poçta iberip bilerler. Düzme bilen birlikde, bäsleşige gatnaşýanlar iş we ýaşaýan ýeri, doglan ýyly, käri, telefon belgisi ýaly şahsy maglumatlaryny hem ugratmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-95-30 39-95-22, 39-96-13.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: