Iň täze habarlar

Arkadag şäherinde Wena baly geçirildi

13.10.2023 | 10:52 |
 Arkadag şäherinde Wena baly geçirildi
 Arkadag şäherinde Wena baly geçirildi
 Arkadag şäherinde Wena baly geçirildi
 Arkadag şäherinde Wena baly geçirildi

Baýramçylyk öwüşgini, ýörite lybasly tansçylar we wals sazlary Arkadag şäherinde geçirilen V Wena balynyň çäklerinde özüňi Ýewropa şäherinde duýmaga mümkinçilik döretdi. Bu çäre iki sany dürli – türkmen we awstriýa medeniýetleriniň arasyndaky baglanyşdyryjy köpri bolup, olaryň aýrtynlygyny we köpöwüşginliligini beýan etdi.

Iki ýurduň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň arasyndaky ýygjam gatnaşyklary ösdürmekde Türkmen-awstriýa jemgyýetine möhüm orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, onuň döredilmegi Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylda Awstriýa Respublikasyna amala aşyran sapary bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şonda Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine giren meşhur halk we estrada aýdymçylary, sazandalardyr tansçylar Wenanyň Ferstel köşgünde uly konsert bilen çykyş edip, ykrar edilen umumy Ýewropa saz paýtagtynda milli medeniýetimizi görkezdiler.

«Arkadag Binasynyň» öňündäki meýdançada V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti boldy. Şunuň bilen baglylykda, bu döredijilik çäresiniň Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýändigini bellemek gerek. Şeýle çäreler ozal Aşgabatda guralýardy.

Aýdym-saz agşamy ýurdumyzyň görnükli aýdymçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, Döwlet horunyň bilelikde ýerine ýetirmeginde “Arkadag şäheri — bagtyň şäheri” atly aýdym bilen açyldy.

Soňra awstriýaly kompozitor we dirižýor Karl Mihael Sireriň “Polonez” sazy ýaňlandy. Ony «Galkynyş» simfoniki orkestri we birleşen tans toparlary ýerine ýetirdiler. Berk berjaý edilýän düzgüne laýyklykda, Wena balynyň resmi taýdan açylyş dabarasy 25 sany tansçy jübütiň sahna çykmagyndan başlanýar. Oňa gatnaşyjylaryň lybaslary — erkek adamlaryň däbe öwrülen gara-ak reňkli fraklary bala geýilýän köýnekler bilen utgaşyp, waka mahsus bolan aýratyn dabaraly ýagdaýy alamatlandyrýar. Gülleriň ajaýyp çemeni onuň hökmany bölegi bolup durýar.

Agşamyň dowamynda «Arkadag Binasynyň» öňündäki meýdança ýygnanan tomaşaçylar Iogann Ştrausyň, Frans Legaryň, Lýudwig Minkusyň, Daňatar Öwezowyň, Çary Nurymowyň we beýleki kompozitorlaryň ajaýyp sazlaryndan, görnükli türkmen we awstriýaly aýdymçylaryň çykyşlaryndan lezzet aldylar. Saz sungaty adamlaryň arasyndaky özara düşünişmek gatnaşyklaryny ýola goýmagyň köptaraply “gurallarynyň” biridir. Häzirki wagtda onuň ähmiýeti artyp, halklaryň ýakynlaşmagyna, ynanyşmak we parahatçylyk medeniýetini kemala getirmäge goşant goşýar. Zehinli aýdymçylar Regine Hangler we Lewent Gündüz aýdym-saz baýramçylygynyň şatlygyny türkmenistanlylar bilen paýlaşmak üçin ýurdumyza geldiler. Bala çagyrylan myhmanlaryň hatarynda tansçylar jübüdi — Awstriýa Respublikasyndan tansçylar Dimitar Stefanin we Irina Grasser hem bar. Olaryň görkezen çykyşlary-da şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Aýdym-saz agşamyna gatnaşyjylaryň arasynda Döwlet tans topary, “Serpaý”, “Galkynyş”, “Laçyn”, “Näzli”, «Aşgabat» döredijilik toparlary, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň we ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň tans toparlary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Miras» folklor topary, Birleşen çagalar hory, “Mukam” ýaş skripkaçylar topary, “Ruhubelent çagalar”, «Şowhun», «Şatlyk», «Meňli», «Aýjan», «Gyzyl güljagaz» çagalar tans toparlary we beýlekiler bar.

ORIENT news

Foto: Halkara habarlar merkezi

Şeýle hem okaň: