Türkmen talyplary Duşanbe şäherindäki teatr festiwalynda «Baky rowaýatlar« spektaklyny görkezerler
07.10.2023 | 15:07 |Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde 24-nji oktýabrdan 29-njy oktýabr aralygynda gurjak teatrlarynyň VII halkara festiwaly «Çodari Haýol» geçiriler. Bu çäre üçin «Baky rowaýatlar» spektaklyny ýörite taýýarlan Türkmen döwlet medeniýet institutynyň gurjak bölüminiň talyplary ilkinji gezek döredijilik görkezişine gatnaşarlar.
Sýüžetiň esasy hökmünde türkmen halkynyň Milli Gahrymany Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym», «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» we «Türkmen alabaýy» eserlerinden bölekler alyndy. Üç hekaýa bir kyssa jemlenip, türkmen halkynyň ruhy we ahlak gymmatlyklary hakda gürrüň berýär.
«Baky rowaýatlar» spektakly öň Türkmen döwlet gurjak teatrynda sahnalaşdyryldy we uly üstünlik gazandy. Sahnany hünärmen aktýorlar ýerine ýetirdi. Institutyň talyplary gurjak teatrynyň adaty žanryndan çykyp, erteki wizuallaşdyrmak üçin keşpleriň garaňkyda ýalpyldaýan tekiz şekilleri, zatlary we enjamlary bilen spektaklyň ajaýyp ultramelewşe görkezişli görnüşini hödürlediler.
Spektaklda gurjaklar oýnadylman, onda plastika diliniň bölekleri we zatlar bilen işlemek usuly reňkli oýnalýar. Tomaşaçylaryň tutuş spektaklyň dowamynda eşidýän şahyrana beýanyny bolsa okaýanyň aýratyn tymsal stili berilýär.
«Çodari Haýol» festiwalyna Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan we Eýrandan gurjak teatr toparlary hem gatnaşar.
ORIENT news