Iň täze habarlar

Türkmen wekiliýeti Seulda geçiriljek Ýewraziýa medeniýetiniň halkara festiwalyna gatnaşar

10.10.2023 | 21:02 |
 Türkmen wekiliýeti Seulda geçiriljek Ýewraziýa medeniýetiniň halkara festiwalyna gatnaşar

11 - 17-nji oktýabrda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seulda Ýewraziýa medeniýetiniň ilkinji halkara festiwaly geçiriler. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşar diýip, ýurduň Medeniýet ministrligi "ORIENT-e" habar berdi.

Halkara festiwalda Türkmenistan özüniň baý medeni mirasynyň özboluşlylygyny we baý mazmunlydygyny görkezer. Onda ýurduň aýdymçylary, sazandalary, milli senetçiligiň ussatlary çykyş ederler.

Olar myhmanlary we tomaşaçylary milli aýdym-saz medeniýetiniň we şekillendiriş sungatynyň nusgalary, şeýle hem däp-dessurlarydyr gymmatlyklary bilen tanyşdyrarlar.

Festiwalda şeýle hem Ýewraziýa halklarynyň medeni gymmatlyklary şöhlelendiriler.

ORIENT news

Foto: Redaksiýa arhiwinden

Şeýle hem okaň: