Iň täze habarlar

Gazagystanda «ALEM SAZ» II Halkara saz festiwaly başlandy

28.09.2023 | 23:54 |
 Gazagystanda «ALEM SAZ» II Halkara saz festiwaly başlandy

Gazagystanyň paýtagtynda 27-nji sentýabrda, bu güýzüň iň möhüm medeni wakasy boljak «ALEM SAZ» II Halkara saz festiwaly başlandy. Festiwalda Gazagystanyň, Türkiýäniň, Ýaponiýanyň, Wengriýanyň, Germaniýanyň, Pakistanyň, Ispaniýanyň, Russiýanyň we beýleki ýurtlaryň iň gowy sungat işgärleri çykyş eder.

«ALEM SAZ» – artistleriň ajaýyp döredijilik hyzmatdaşlygy arkaly köp ýurtlaryň medeniýetini bir meýdançada birleşdirýän özboluşly taslama.

Festiwal döredijilik işinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň taryhy mirasyna we medeni gymmatlyklaryna hormat howasyny döretmek bilen milli medeniýetleriň jebisligini, goralmagyny we ösdürilmegini maksat edinýär. Festiwal şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň giňelmegine we pugtalandyrylmagyna we sungat pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine goşant goşýar.

«ALEM SAZ» festiwaly GR-nyň Medeniýet we Maglumat ministrliginiň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, şeýle hem Rosa Baglanowa adyndaky «Kazakkonsert» döwlet konsert guramasynyň goldawy bilen gurnalýar.

Festiwalda tomaşaçylar klassikadan jaza, halk sazyndan roka çenli dürli saz žanrlaryndan we stillerinden lezzet alarlar. Gatnaşanlaryň arasynda gitaraçy Amos Lora we pianinoçy, kompozitor Gito Maleta (Ispaniýa), pianino dueti Pianotainment (Germaniýa), "Waýnah" tans ansambly (Russiýa), pianinoçy we kompozitor Norbert Kael, bas-gitaraçy Piter Olah, deprekçi Andraş Lakatos (Wengriýa), aýdymçylar Rozmari Muştak we Jabar Abbas (Pakistan), Thrace Quartet (Türkiýe), skripkaçy Maýuko Kasumura (Ýaponiýa) bar.

Häzirki festiwal joşgunly çykyşlary, gatnaşyjy ýurtlaryň medeniýetini görkezmek, amaly-haşam sungatynyň we gastronomiki önümleriň sergileri we ussatlyk sapaklary bilen ýatda galar. Festiwal 3-nji oktýabra çenli dowam eder.

ORIENT news

Foto: kt.kz

Şeýle hem okaň: