Iň täze habarlar

Aşgabatda Rasul Gamzatowyň 100 ýyllygy belleniler

27.09.2023 | 23:52 |
 Aşgabatda Rasul Gamzatowyň 100 ýyllygy belleniler

Aşgabatdaky Rus öýi, şygyryýet söýüjilerine tanyş bolan Dagystanly şahyr Rasul Gamzatowyň 100 ýyllygyna bagyşlanan çäräniň geçirilýändigini yglan edýär.

Çäre 29-njy sentýabrda sagat 18:00-da, Aşgabat ş., S.Türkmenbashi şaýoly, 11-nji jaý salgysynda geçiriler.

Ýer sanynyň çäklidigi sebäpli deslapdan +993 65 79 97 51 (18:00-dan öň) telefon belsisi ýa-da otdel_tm@mail.ru e-poçta arkaly ýazylmaly.

Çäre 1923-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Dagystanyň Sada obasynda doglan Rasul Gamzatowyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanar. Häzirki wagtda onuň eserleri 80-den gowrak dile terjime edilip, dünýä edebiýatynyň altyn gaznasyna girýär. Rasul Gamzatowyň goşgularynyň köpüsi meşhur aýdymlara öwrüldi we «Durnalar» olardan iň ýaýranydyr. Şahyryň ýubileýi diňe bir Russiýada däl, eýsem bütin dünýäde giňden bellenilýär.

ORIENT news

Foto: educentre.ru

Şeýle hem okaň: