Iň täze habarlar

Aşgabatdaky Handmade sergisi - çäksiz döredijilik

26.09.2023 | 19:18 |
 Aşgabatdaky Handmade sergisi - çäksiz döredijilik

Şaý-sepler, esbaplar, içerki önümler, kosmetologiýa we «нandmade» (el önümleri) bellikli has gyzykly we özboluşly önümler çarşenbe güni paýtagtyň “Berkarar” söwda merkezinde Aşgabatda açylan sergide görkeziler. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan sergi türkmen paýtagtynda 26-njy sentýabrdan 28-nji sentýabr aralygynda üç gün geçiriler (13:00-22:00).

Bu ýerde iň oňat el önümlerini öndürijiler özleriniň aýratyn eserlerini görkezýärler. Olaryň köpüsi özüne çekiji güýmenjelerini we “kalby bilen edýän zähmetini” girdejili işe öwrüp, adamlara özboluşly we bahasyna ýetip bolmajak harytlar hödürläp girdeýji gazanýarlar, olaryň köpüsi bolsa, diňe bir nusgalyk hökmünde döredilen işlerdir.

Nagyşlanan dizaýner haltalary, boýalan sagatlar, monjuk şaý-sepleri, polimer toýundan ýasalan dürli eşik şaý-sepleri, içerki ýadygärlik sowgatlyklary, gurjaklar, lampalar, suratlar we başgalar - ähli “önümler” el bilen döredilip, önümleriň köpüsi etnik stilde öndürilýär.

Bilşiňiz ýaly, “hanmade - elde ýasalan” adalgasy diňe bir el bilen işlemegi däl, eýsem telekeçilige döredijilikli çemeleşmegi hem aňladýar. Şeýle zatlar diňe bir aýratynlygy üçin däl, eýsem ak ýürekliligi üçinem gymmatlydyr. Ussat belli bir ýadygärlik ýasasa, kalbynyň bir bölegini oňa salýar diýip hasaplanýar.

Ýeri gelende aýtsak, häzirki döwürde meşhurlygyň iň ýokary derejesine ýeten elde ýasalan tendensiýa, ilkinji seredişdeler bolşy ýaly, ol täze dörän zat bolman, eýsem, ençeme asyrlar mundan ozal peýda bolandyr. Bu önümleri suratlandyrmak üçin ulanylýan owadan iňlis sözi, hemmämize mälim bolan “senetçilik” sözüniň ornuny tutmakdan başga zat däldir, ol diňe ekzotik ýaly görünýär.

Häzirki zaman senetçileri “özboluşlylygy” we aýry-aýry zatlara bolan söýgini moda getirip bildiler. Döredijilik tolkuny her pudaga diýen ýaly “girdi” we elde ýasalan täze ugry kesgitledi. Indi “handmade - elde ýasalan” önümler bölüminde içerki bezegleri, oýunjaklary, şaý-sepleri, gap-gaçlary we başga-da köp zatlary tapyp bilersiňiz.

Bularyň hemmesini siz sergilerde görip we eliňize alyp ony synlap bilersiňiz. Önümleriň awtorlarynyň köpüsi döredijilik hakda gyzykly bir hekaýa aýdyp bererler ýa-da eserleriniň nädip “döeändigini” görkezerler. Gelip görýänler üçin bu sergi şol bir ugurdaky senetçileriň eserlerini deňeşdirmek we iň oňat önümi saýlamak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Handmade sergisi Aşgabatda, 26-28-nji sentýabr aralygynda Berkarar söwda merkezinde (birinji gaty, 13:00-22:00) geçirilýär.

ORIENT news

Foto: orientiň arhiwinden

Şeýle hem okaň: