Iň täze habarlar

Azerbaýjanyň Şuşa şäheri 2024-nji ýylda Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi

25.09.2023 | 20:00 |
 Azerbaýjanyň Şuşa şäheri 2024-nji ýylda Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi

Azerbaýjanyň Şuşa şäheri 2024-nji ýylda Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Katar döwletiniň paýtagty Doha şäherinde duşenbe güni Yslam dünýäsiniň medeniýet ministrleriniň 12-nji konferensiýasynda status almak üçin kandidaturany Azerbaýjanyň medeniýet ministri Adil Kerimli hödürledi. Ol Şuşany ISESCO "Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty" maksatnamasynyň bir bölegi hökmünde teklip etdi. Azerbaýjanyň Medeniýet ministrliginiň web sahypasyna görä, foruma gatnaşyjylar azerbaýjan tarapynyň başlangyjyny biragyzdan goldadylar.

Halkara TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan Şuşa şäherine 2023-nji ýylda türk dünýäsiniň medeni paýtagty statusyny berlendigini bellemek gerek. Ondan öň Azerbaýjan 2022-nji ýylda şäheriň medeni durmuşyny janlandyrmak üçin “Şuşa şäheriniň ýyly” diýip yglan etdi. Bu ýerde aýdym-saz festiwallary, poeziýa günleri, köp sanly milli we halkara medeni çäreleri we dabaralar geçirilýär.

Doha şäherinde ministrler konferensiýasy “Yslam dünýäsinde medeni işjeňligiň täzelenmegine tarap” şygary bilen geçirilýär. Forumyň wekilleri medeni syýasatyň esasy ýörelgelerini we durnukly ösüşiň görkezijilerini, “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” maksatnamasyny ösdürmegiň mehanizmlerini, medeni baýlyklaryň bikanun söwdasyna garşy göreşde bilelikdäki çäreleri giňeltmegi we beýleki degişli temalary ara alyp maslahatlaşýarlar.

ORIENT news

Foto: AZERTAJ

Şeýle hem okaň: