Awstriýada Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli gala konserti geçiriler
22.09.2023 | 15:15 |Awstriýanyň paýtagty Wenada 18-nji oktýabrda beýik filosof we şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan gala konsertini geçiriler.
Awstriýadaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň sosial ulgamlarynda habar berlişi ýaly, Wenanyň iň gowy saz zallaryndan biri bolan Ehrabar Saal-da geçiriljek konsert programmasy Magtymguly Pyraga saz bagyşlamalaryny, türkmen we günbatar klassikleriniň eserlerini öz içine alar.
Döwlet simfoniki orkestri, şeýle hem Türkmenistanyň tanymal medeni şahsyýetleri konserte gatnaşmak üçin Wena geler.
Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýip yglan edendigini bellemelidiris.
2024-nji ýylda Türkmenistan beýik filosof we şahyr Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellär. Uly medeni çärelerden başga-da, Magtymguly Pyragynyň hormatyna Köpetdagyň eteginde gurlan ajaýyp ýadygärligiň dabaraly açylyşy bolar. Munuň özi häzirki nesilleriň beýik türkmen şahyry we akyldarynyň baý döredijilik mirasyna çuňňur hormat goýmagyň nyşanyna öwrüler.
ORIENT news