Iň täze habarlar

Durmuş dowam edýär - Hulio Iglesias 80 ýaşynda

23.09.2023 | 15:39 |
 Durmuş dowam edýär - Hulio Iglesias 80 ýaşynda

Ispaniýanyň esasy romantigi we iň meşhur ispan aýdymçysy Hulio Iglesias ýubileýini belleýär. Ol şu gün 80 ýaşady. Ynha ýarym asyr bäri bütin dünýä onuň aýdymlaryny diňleýär we şol döwürde ol müňlerçe konsert berdi, 57 albom çykardy, 300 million ýazgysyny satdy we täjirçilik taýdan iň üstünlikli ispan dilli sazanda hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Aslynda ilkiler saz karýerasy netije bermedi. Çagalygynda hor diňlemede ony ret etdiler we aýdym aýtmakdan başga islendik zat etmegi maslahat berdiler. Ol şonda futbola girdi we eýýäm 16 ýaşynda Madridiň «Real»-ynda ýaşlar toparynyň derwezeçisi boldy. Onuň esasy toparda çykyş etjekdigi çak edilýärdi, ýöne awtoulag heläkçiligi bolup Iglesias ýöremekden kesildi. Ýaş oglanyň sport karýerasy ýykyldy, emma saz karýerasyna «gapy açyldy».

Muňa hassahanada oňa seredýän sanitar sebäp boldy. Ol öňki türgeniň ýüregi gysmazlygy üçin oňa gitara getirýär. Gural ýaş ýigidi şeýle bir özüne çekdi welin, ol gaýtadan ýöremegi öwrendi. Hut hassahanada Iglesias özüniň ilkinji, şol sanda hem iň meşhur «Durmuş dowam edýär» aýdymyny ýazdy.

Saz öwrenmek üçin ol akademiýa gitdi we 1968-nji ýylda Ispaniýanyň meşhur aýdym bäsleşiginde çykyş etdi we birbada üç baýrak gazandy. Hulio Iglesias aýdymy beýlekiler ýaly aýtmaýardy. Aýdymlaryny ýerine ýetirende ol nirede ýuwaş, nirede gatyrak sesli aýtmaly we sesine gaýtalanmaýan äheň berýän hökman özboluşly titreme etmelidigini anyk bilýär. Megerem ol dünýäni şonuň bilen bedi eden ýaly.

Iglesias diňe bir ispan dilinde däl, eýsem başga 14 dilde-de aýdym aýdýar we 80 ýaşynda sazanda dynç alyşa çykmak hem islemeýär. Ol aýdymlar ýazýar, albomlar çykarýar we konsertler berýär, sebäbi meşhur kompozisiýasynda aýdyşy ýaly durmuş dowam edýär.

ORIENT news

Foto: showdream.org

Şeýle hem okaň: