Iň täze habarlar

300-den gowrak wekil "Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2023" halkara maslahatyna gatnaşjakdygyny tassyklady

23.09.2023 | 16:08 |
 300-den gowrak wekil "Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2023" halkara maslahatyna gatnaşjakdygyny tassyklady

Dünýäniň 23 döwletinden 300-den gowrak wekil 28-nji "Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2023" halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady. Bu forum Aşgabat şäherinde ýene bir aýdan, ýagny 25 - 27-nji oktýabrda geçiriler.

Foruma 20 döwletden iri milli we halkara kompaniýalaryň 65-siniň wekilleri gatnaşarlar. Energetika pudagyna enjamlary ornaşdyrmak we hyzmat etmek bilen meşgullanýan "Auguste International" kompaniýasy halkara forumyň altyn hemaýatkäri bolup çykyş eder.

Forumyň çäklerinde guraljak sergide oňa gatnaşyjylar ýörite tanyşdyryş çäkde özleriniň hödürleýän önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrmaga oňaýly mümkinçilik alarlar. Munuň üçin öňünden bellenen wagta ýer bron etmek zerurdyr.

ORIENT news

Foto: Turkmen Forum

Şeýle hem okaň: