Türkmenistan Hytaýa gaz eksportyny 8 aýda 5 göterim artdyrdy
21.09.2023 | 21:10 |Turbageçirijiler arkaly Hytaýa gaz eksport etmek boýunça Türkmenistan ozalkylary ýaly birinji ýerde barýar. Munuň şeýledigine Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň berýän maglumatlary görkezýär.
Şu ýylyň ýanwar - awgust aýlarynda Türkmenistan umumy bahasy 6,63 milliard dollar bolan tebigy gazy Hytaýa iberdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 5 göterim köpdür.
Ikinji ýerde barýan Russiýa geçen 8 aýda umumy bahasy 4,46 milliard dollar bolan tebigy gazy turbageçirijiler arkaly Hytaýa iberdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 86,4 göterim köpdür. Degişli döwürde Mýanma turbageçirijiler arkaly Hytaýa gaz eksportyny 16,2 artdyryp, bu babatda umumy görkezijisi 993,94 million dollara deň boldy. Hytaýa turbageçirijiler arkaly gaz eksport etmekde 3-nji ýerde barýan Gazagystan degişli görkezijini 2,3 göterim ýokarlandyryp, 782,91 million dollarlyk, Özbegistan bolsa, 40 göterim artdyryp, 370,57 million dollarlyk gaz iberdi.
ORIENT news