Ýerewanyň konserwatoriýasyna Nury Halmämmedowyň eserleri sowgat berildi
19.09.2023 | 18:10 |Türkmen kompozitorlary Nury Halmämmedowyň, Weli Muhadowyň we beýlekileriň döreden saz eserleri Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi tarapyndan Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasyna sowgat berildi.
Türkmen ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň ýokary okuw mekdebiniň rektory bilen bolan duşuşygynda iki döwletiň konserwatoriýalarynyň arasynda mugallymlary we talyplary alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar şeýle hem iki ýurduň konserwatoriýalarynyň bilelikdäki konsertini guramak, taslamalary durmuşa geçirmek we türkmen we ermeni saz sungaty boýunça ylmy maslahaty geçirmegi ara alyp maslahatlaşdylar.
ORIENT news