Iň täze habarlar

Mekdep okuwçylarynyň arasynda robototehnika bäsleşigi geçiriler

20.09.2023 | 17:33 |
 Mekdep okuwçylarynyň arasynda robototehnika bäsleşigi geçiriler

23-24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrligi BMG-niň Çagalar Gaznasy bilen bilelikde türkmenistanly mekdep okuwçylaryň arasynda robototehnika bäsleşigini geçirer.

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän 97-nji mekdepde geçiriljek bäsleşikde okuwçylar özleriniň taýýarlan robot tehnikalaryny we ylmy taslamalaryny görkezerler.

Bäsleşige gatnaşjak robot tehnikalary şu ugurlar boýunça kesgitlener:

• Robot Race – robot ýaryşy;

• «Manual Sumo» - bu bäsleşikde el dolanyşygynda robotlar özara güýç synanyşýar;

• «Auto Sumo» - awtomatik dolandyryşda robotlar özara güýç synanyşýarlar;

• «Mars Rover» - robotlaryň päsgelçiliklerden geçmek bäsleşigi;

• «Line Follower» - robotlaryň ýokary takyklykda, çyzgy boýunça hereket edip bilmegi;

• Ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika ugurlary okuw maksatnamasynyň (STEM) çäklerinde ylmy taslamalar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine şahadatnamalar we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

ORIENT news

Foto: stylishbag.ru

Şeýle hem okaň: