Iň täze habarlar

Belarusda Halk birligi güni bellendi

17.09.2023 | 23:58 |
 Belarusda Halk birligi güni bellendi

Bu baýram 84 ýyl mundan ozal, Gündogar we Günbatar Belarusyň birleşdirilen gününiň hormatyna baýram edilýär. 1939-njy ýylyň 17-nji sentýabryndan soň, Belarus bitewi döwlet we halk hökmünde ösmäge başlady.

Halk birligi gününi döretmek başlangyjy ilkinji gezek 2021-nji ýylyň fewralynda 6-njy Ählibelarus halk maslahatynda öňe sürüldi. Belarus jemgyýeti öz taryhynda täze döwre başlamaga zerurlygy duýdy.

Halk birligi güni diňe bir gün bellenmek bilen çäklenmeýär. Onuň bilen baglanyşykly çärelere 1 hepde mundan ozal badalga berlipdi. Şolaryň hatarynda awtoýaryşlar, fleşmoblar, konsertler, leksiýalar, gezelençler, kino görkezişleri we beýlekiler bar.

ORIENT news

Foto: belta.by

Şeýle hem okaň: