Hytaý Harbindäki halkara sergisinde täze materiallaryň ösüşini hödürleýär
02.09.2023 | 15:57 |Harbinde 6-njy Hytaý halkara täze materiallar sergisi açyldy. Bu ýyl sergä dünýäniň 10-dan gowrak ýurdundan we sebitlerinden 5 müňden gowrak kompaniýa we edara gatnaşdy.
Guramaçylaryň pikiriçe, sergi täze materiallar pudagyndaky soňky ösüşleri we çözgütleri hödürleýär. Çäre “Hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikler, innowasiýa üçin täze itergi!” şygary bilen geçirildi.
Serginiň umumy meýdany takmynan 24,000 inedördül metr. Ol 10 tematiki zona bölünýär - soňky 10 ýylda gazanylan üstünlikler pawilýony, halkara sergi zolagy, innowasiýa ösüş zolagy we başgalar bardyr. Hytaýyň China daily neşirinde sergide köp sanly eksponatlar ilkinji gezek görkezilýär diýilýär.
Mysal üçin, Harbin Tehnologiýa institutynyň barlaghanalary howa giňişliginde 60-dan gowrak innowasiýa üstünliklerini görkezýärler. “Commercial Aircraft Corporation of China Ltd” kompaniýasy ýolagçy uçarlarynyň üç görnüşini hödürleýär.
Dunguan şäherindäki Ýokary energiýa fizikasy instituty, senagat pudagynda tehnologiýa hyzmatlaryna ýöriteleşen 8 kompaniýa we iki platformany getirdi.
Sergide 40-dan gowrak dürli tematiki çäreler, şeýle hem täze materiallara gatnaşýan öňdebaryjy Hytaý we daşary ýurt kärhanalarynyň gatnaşjak ýöriteleşdirilen forumlar tapgyry meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, täze materiallaryň önümçilik zynjyrynda - çig maldan ahyrky önümlere çenli ähli baglanyşyklaryň giňişleýin sergisi bolar. Sergä gatnaşyjylar bilen alyjylaryň arasynda birleşdiriji çäreler guraldy.
ORIENT news