CGTN: "Si Szinpiniň nusgawy ganatly jümleleri" programmasy dürli dillerde ýaňlanýar
25.08.2023 | 01:30 |Ýohannesburgda (Günorta Afrika) "Si Szinpiniň ganatly jümleleri" programmasynyň ikinji möwsümini başlatmak üçin dabaraly çäre geçirildi.
Bu tapgyra Hytaýyň Prezidenti Si Szinpiniň öz çykyşlarynda, makalalarynda we belliklerinde ulanan gadymy hytaý klassikleriniň dana sözleri girizildi. Ol halk köpçüligine adaty hytaý medeniýetiniň özboluşlylygyna düşünmäge, täze döwürde Hytaýy dolandyrmakda üstünlik gazanmagyň syryny öwrenmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.
Goýberiş Hytaýy döwrebaplaşdyrmaga gatnaşýan adamlaryň durmuşyndan alnan hakyky wakalara esaslanýar. Olar hytaý jemgyýetiniň jümmüşine aralaşan öňdebaryjy metbugat korporasiýalary we halkara bilermenler tarapyndan ýygnaldy. Bu gezek Si Szinpiniň "döwlet girdeji däl-de, girdeji üçin adalat pikirleri bilen dolandyrylmalydyr" diýen manyny berýän jümlesini açyp görkezýär.
Goýberişleriň bu tapgyry iňlis, fransuz, arap, hausa, suwaýil we beýleki dillere terjime edildi. BRICS sammiti wagtynda hindi we tamil dillerindäki gepleşikler hindi KHBS-nde-de ýaýlyma yzygiderli berildi. Ýekşenbe gününden başlap, dokumental film Günorta Afrika, Keniýa we Nigeriýa ýaly Afrika ýurtlarynyň 38-sinde 62 öňdebaryjy KHBS-i tarapyndan ýaýlyma berilýär.
ORIENT news