Owganystan iri üstaşyr energetika taslamalarynyň işjeňleşdirilmegi babatda tagalla edýär
24.08.2023 | 16:48 |Owganystanyň ykdysady meseleler boýunça wise-premýeriň edarasynyň mälim etmegine görä, Merkezi Aziýadan Günorta Aziýa Owganystanyň üstünden iri energetika taslamalarynyň gurluşyk işine gaýtadan işjeňleşdirilmegi ugrunda tagallalar edilýär.
"TOLO" habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, şeýle taslamlara CASA-1000, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan hem-de Türkmenistan - Özbegistan - Täjigistan - Owganystan - Pakistan elektrik geçiriji ulgamlary, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz geçirijisi degişlidir. Mälim edilişine görä, CASA-1000, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan elektrik taslamalary ýurduň wajyp ykdysady energetika taslamalary bolup durýar.
CASA-1000 taslamasy Gyrgyzystandan we Täjigistandan elektrik energiýasy Owganystana we Pakistana iberiler. Onuň durmuşa geçiirlmegi bilen, Owganystan elektrik energiýanyň 300 megawatyny alyp biler. Owganystanyň "DABS" elektrik kompaniýasynyň mälim etmegine görä, bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça işleriň 60 göterimi durmuşa geçirildi. Beýleki sebit taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen ýurduň energiýa serişdelerine bolan islegi kanagatlandyrylyp bilner.
ORIENT news