Iň täze habarlar

Türkmenistan - ÝUNESKO: 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeleri we onuň geljegi

17.08.2023 | 22:11 |
 Türkmenistan - ÝUNESKO: 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeleri we onuň geljegi

7-nji awgustda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli "Türkmenistan-ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk" atly dabaraly maslahat geçirildi. Ministrlik tarapyndan guralan foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Şeýle-de foruma Mejlisiň, Daşary işler ministrliginiň, Bilim, Medeniýet, Maliýe we ykdysadyýet, Dokma senagaty, Oba hojalygy, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Suw hojalygy, statistika, bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetleriniň, "Türkmenhaly" döwlet birleşiginiň, Hazar deňzi institutynyň ýolbaşçylary we işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, KHBS-iň wekilleri we ÝOM-niň mugallymlary gatnaşdylar.

Giriş sözi bilen eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamurat Gurbangeldiýew maslahata gatnaşyjylary mübärekläp, ýurdumyzyň oýlanyşykly daşary syýasatynyň yzygiderli we maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginiň milli ösüş maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda netijeli gatnaşyklary giňeltmäge amatly şertleri döredýändigini aýtdy.

1 (2).jpg

Forumda ilkinji bolup, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow çykyş etdi. Ol maslahata gatnaşyjylaryň hemmesini ýurdumyzyň ÝUNESKO agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli şanly sene bilen mübärekläp, bu senäniň 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijelerini jemlemäge we şol bir wagtyň özünde geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýändigini belledi.

Wise-premýer: “Bu buýsannak we pikirlenmek üçin esasdyr, sebäbi üç onýyllygyň dowamynda ýola goýlan netijeli özara gatnaşyklara we ÝUNESKO-nyň ykrar edýän gymmatlyklaryna bolan özara ygrarlylygymyza ser salýarys” – diýip, aýtdy we ýurduň ÝUNESKO-nyň jy üç halkara resminamasyna goşulandygyny belledi.

Olaryň arasynda “Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakyndaky konwensiýany” bellemek gerek. Bu resminamanyň talaplaryna laýyklykda, Türkmenistanda 1500-den gowrak taryhy we medeni ýadygärlik ýüze çykaryldy we bellige alyndy. Olaryň hemmesi döwlet tarapyndan goralýar. Ýerli alymlar ÝUNESKO-nyň bilermenleriniň we daşary ýurtly hünärmenleriň gatnaşmagynda ýadygärlikleri goramak, dikeltmek we gözleg işlerini alyp barýarlar.

2 (1).jpg

Türkmenistan diňe bir taryhy we medeni däl, eýsem ýurdumyzyň täsin tebigy ýerleriniň hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizilmegi üçin birnäçe başlangyçlary we teklipleri işjeň taýýarlamagy dowam etdirýär. Hususan-da, ÝUNESKO tarapyndan Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi üçin Turan çölleri we Beýik Ýüpek ýoly bilen baglanyşykly transmilli nominasiýalar teklip edildi. Mundan başga-da, Koýtendag Döwlet tebigy goraghanasynyň bu sanawa girizilmegi üçin teklipnama taýýalamak boýunça işler alnyp barylýar.

Meredow, şeýle hem taraplaryň bilim pudagynda gazanan üstünliklerini "öwrülişik" diýip atlandyrdy. "ÝUNESKO-nyň goldawy netijesinde biz bilim mümkinçiliklerini giňeltdik, mugallymlary taýýarlamagy kämilleşdirdik we ömrüniň tutuş dowamynda okamagyna, kämilleşmegine ýardam etmek bilen her bir raýatyň öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek mümkinçiligini üpjün etdik" –diýip, ministr aýtdy.

Geljek ýyl ÝUNESKO bilen bilelikde Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahaty guramagy meýilleşdirýäris. Mundan başga-da, biz 2024-nji ýylda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan Halkara forumynyň geçirilmegine hem sabyrsyzlyk bilen garaşýarys - diýip, Raşid Meredow sözüniň üstüni ýetirdi.

3 (2).jpg

BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko maslahatda çykyş edip, Türkmenistanyň gadymy we baý medeniýetiniň henizem türkmen halkynyň medeni mirasynyň ÝUNESKO-nyň goralýan obýektleriniň derejesine eýe bolup biljek köp elementiniň bardygyna ynam bildirdi.

Ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ÝUNESKO-nyň “Medeni miras: geçmişden geljege”, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bolsa “Durnukly ösüşiň bähbidi üçin daşky gurşaw bilimi” kafedralarynyň açylmagynyň ÝUNESKO-nyň beýleki guramalary, ilkinji nobatda UNISEF bilen Türkmenistanyň milli borçlaryny ýerine ýetirmekdäki möhüm ornuna ünsi çekdi.

Şlapaçenko Türkmenistanyň 2024-nji ýylda Aşgabatda ÝUNESKO konferensiýasyny geçirmek maksadyny mübärekledi we onuň özara peýdaly hyzmatdaşlyk taslamalarynyň bukjasyny ylalaşmaga mümkinçilik bermegine garaşýandygyny aýtdy.

“Şu nukdaýnazardan, men ÝUNESKO-nyň parahatçylyk medeniýetini saklamak konsepsiýasy we meýilnamasy bilen parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň guraly hökmünde ynamy ösdürmek baradaky başlangyçlarynyň arasynda anyk gatnaşyklary görýärin. BMG-nyň ýurtdaky ösüş ulgamy hökmünde, biz Türkmenistanyň ilatynyň, esasanam ýaşlaryň arasynda parahatçylyk medeniýetini ösdürmek baradaky başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine goldaw bermäge taýýardyrys "- diýip Şlapaçenko aýtdy we ÝUNESKO-nyň maksatnamalaryna, şeýle hem BMG-nyň Türkmenistandaky maksatnamalaryna goldaw bermek üçin grant bölüp bermek baradaky karary üçin türkmen hökümetine hoşallyk bildirdi.

4 (2).jpg

Dialoga wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster ofisiniň müdiri Golda El-Huri goşuldy. Ol hoşallyk bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen şu ýylyň maý aýynda geçen duşuşygyny ýatlap, kabul edişlikde Döwlet Baştutanyna ýurdumyzyň hödürnamasy boýunça geçen ýyl ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna üç gymmatlygyň goşulandygy hakynda üç sany şahadatnamany gowşurandygyny aýtdy.

Golda El-Huri: "Duşuşyk Türkmenistanyň bitaraplyk, dialog we parahatçylyk babatdaky global pozisiýasyny görmek üçin pursat boldy" – diýdi we 2015-nji ýylda döredilen “Türkmenistan-ÝUNESKO gaznasyny” işjeňleşdirmeäge goşan goşandy üçin Türkmenistanyň hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

Golda El-Huri ÝUNESKO-nyň dolandyryşyna Türkmenistanyň işjeň goşandyny belläp geçdi: “ÝUNESKO her agza döwletiň ýolbaşçylygyna mätäç. Türkmenistan bizi hiç wagt ruhdan düşürmedi. Ol bilelikdäki dowam edýän we meýilleşdirilýän çäreleriň käbirini belläp geçdi.

Şeýlelikde, Türkmenistan Merkezi Aziýada Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Ýüpek ýolunyň miras geçelgeleri” sebit taslamasyna goşuldy. Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça komponenti milli bilim maksatnamasyna goşan sebitdäki ýeke-täk agza döwletdir. El-Huri: "Biz Bilim özgertmeleri sammitinde kabul edilen bäş borçnamany ýerine ýetirmek üçin milli, sebitleýin we dünýä derejesinde liderlik roluny almak üçin Türkmenistanyň goldawyna bil baglaýarys" - diýdi.

5 (1).jpg

Sebit derejesinde Türkmenistan ÝUNESKO-nyň başlangyjy bilen ÝUNESKO we UNDP tarapyndan dolandyrylylýan we Ähliumumy ekologiýa gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän “Buzluk-deňiz ulgamlaryna baha bermek üçin sebitleýin hyzmatdaşlygy üpjün etmek arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnuklylygyny berkitmek” taslamasyna gatnaşýar (2022-2025).

“Biz noýabr aýynda ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynda türkmen wekiliýetini kabul etmek mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” – diýip, Golda El-Huri sözüni jemledi.

6.jpg

Şeýle hem, foruma gatnaşyjylary şanly sene bilen wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň Baş müdiriniň birinji orunbasary Sin Sýuý, Baş direktoryň orunbasary we hökümetara okeanografiýa toparynyň ýerine ýetiriji sekretary Wladimir Rýabinin, ÝUNESKO-nyň Bilim pudagynda tehnologiýalary baradaky institutynyň müdiri Tao Çžan dagylar gutladylar.

7 (1).jpg

Öz gezeginde Aşgabatdaky ÝHHG merkeziniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Rune Kastberg Bütindünýä mirasyň Türkmenistandaky üç sany mekanyna, ýagny Merwe, Nusaýa we Könürgenje baryp görendigini aýtdy we munuň ÝUNESKO bilen ýurduň hökümetiniň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň netijeli subutnamasydygyny aýratyn belläp geçdi.

Şeýle hem, ol ÝUNESKO bilen ÝHHG-nyň diňe bir maksatlarynyň, esasy ýörelgeleriniň we gymmatlyklarynyň umumy bolman, eýsem soňky ýyllarda Aşgabatdaky ÝHHG merkezi ÝUNESKO bilen serhet howpsuzlygy bilen baglanyşykly çärelerde hem hyzmatdaşlyk edendigini belläp geçdi.

8.jpg

Mysal üçin, geçen tomusda ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň wekili halklaryň milli gymmatlyklaryna we medeni dürlülige çynlakaý howp salýan medeni gymmatlyklaryň bikanun söwdasyna bagyşlanyp geçirilen sebitleýin seminarda çykyş etdi.

Bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň medeni mirasy goramak we onuň howpsuzlygy meseleleri bilen meşgullanýan ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň 80 wekilini bir ýere jemledi. Maslahatda jenaýatyň öňüni almak we medeni mirasyň arheologiki taraplary ýaly meseleler barada pikir alşyldy.

Hemişelik oňyn bitaraplyk statusy bilen Türkmenistan Merkezi Aziýada howpsuzlygy üpjün etmekde barha möhüm rol oýnaýar - diýip Rune Kastberg aýtdy we bitarap Türkmenistanyň konstruktiw daşary syýasatyny goldamak bilen, ÝHHG-nyň global parahatçylygy ösdürmäge we sebit howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmekde Türkmenistana hemişe goldaw bermäge çalyşandygyny aýtdy.

9 (1).JPG

Türkmenistanyň Bilim ministri Gurbangül Ataýewa maslahatda çykyş edip, UNITWIN maksatnamasynyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ÝUNESKO-nyň “Medeni miras: geçmişden geljege”, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bolsa “Durnukly ösüşiň bähbidi üçin daşky gurşaw bilimi” kafedralarynyň açylandygyny, şeýle hem şu ýyl ÝUNESKO-nyň mekdepler assasoasiýasy ulgamyna Aşgabat şäheriniň 140-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň, Kaka etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň, Balkanabat şäheriniň 21-nji orta mekdebiniň, Daşoguz şäheriniň 26-njy orta mekdebiniň, Türkmenabatdaky 30-njy orta mekdebiň, Marynyň zehinli çagalar üçin 24-nji mekdebiniň goşulandygyny aýratyn belläp geçdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝUNESKO-nyň "Parahatçylyk medeniýeti" kluby, Azady adyndaky TMDDI-de "Dünýäniň dilleri" kluby we Türkmen oba hojalyk institutynda bolsa ÝUNESKO-nyň “Daşky gurşawy goramak - durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy” kluby açyldy.

10.jpg

ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa ýygnananlaryň ünsüni ÝUNESKO bilen ýurduň taryhy, tebigy we medeni mirasynyň gymmatlyklaryny kesgitlemek, ýazga almak, meýilleşdirmek, dikeltmek we mundan beýläk-de howpsuz gorap saklamak boýunça hyzmatdaşlygyň täsin tejribesine gönükdirdi.

ÝUNESKO-nyň baş edarasynda "Dizaýnyň PAriž hepdeliginiň" çäginde türkmen milli amaly-haşam sungat eserleriniň we milli egin-eşikleriň sergilerini yzygiderli guramak, şeýle hem Fransiýanyň meşhur Luwr muzeýinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň muzeý hazynalarynyň sergisi işjeň medeni hyzmatdaşlygyň anyk mysallarydyr.

Bilim we ylym pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň üstünlikli netijeleri ýakyn wagtda Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň Bilim maksatnamalary boýunça milli komitetini döretmegiň zerurlygyny görkezýär. Bu komitet ýokary hilli bilim boýunça 4-nji Durnukly Ösüş Maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmekde tagallalary utgaşdyrmak üçin netijeli mehanizm bolup hyzmat eder.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Ähliumumy ýaşlar bileleşigine girmegi, şeýle hem şu ýylyň noýabr aýynda Parižde geçiriljek Halkara ýaşlar forumyna türkmen talyplarynyň wekiliniň meýilleşdirilen gatnaşmagy ÝUNESKO platformasyndaky ýaş nesliň barha artýan ornuna ünsi çekýär.

11.jpg

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: