Türkmenistanyň BMG-daky hemişelik wekili - diplomatiýa, eglişik we duýgudaşlykdaky zenanlar hakda
25.06.2023 | 02:22 |1995-nji ýyldan bäri BMG-de hemişelik wekilçilik edýän zenanlaryň sany 7-den 38-e ýetdi. «Haýal, ýöne şeýle hem bolsa öňegidişlik henizem bar» diýip, BMG-de eýýäm 28 ýyl Türkmenistana wekilçilik eden we Nýu-Ýorkdaky Diplomatik korpusyň dekany bolan, adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi Aksoltan Ataýewa aýdýar. BMG-nyň habarlar gullugy Aksoltan Toraýewna bilen 24-nji iýunda bellenilýän Zenanlaryň diplomatiýada Halkara güni mynasybetli geçirilen söhbetdeşligini çap etdi:
— Türkmenistanyň BMG-däki wezipesine köp ýyl bäri ýolbaşçylyk edýärsiňiz. Bu döwürde ilçileriň we diplomatlaryň arasynda zenan maşgala köp boldumy?
— BMG-de işlän döwrümde diplomatiýada aýal-gyzlar bilen baglanyşykly ýagdaý kem-kemden üýtgeýär. Ilçi we diplomat bolup işleýän aýallaryň sanynyň artýandygyny görýäris. Eger, 1995-nji ýylda biz diňe ýedi sany bolan bolsak, indi bolsa 38 sany. Ösüş 28 ýylda az hem bolsa, ýöne şonda-da bar. Halkara jemgyýetçiligi, ýurtlaryň hökümetleri zenanlaryň, esasanam «Zenanlar, Parahatçylyk we Howpsuzlyk» meýilnamasyny öňe sürüp we gender deňligini goldamak arkaly aýallaryň karar kabul etmegine gatnaşmagynyň möhümdigini ykrar edýärler. Özüm bu üýtgeşikligi duýýaryn we halkara syýasatyna täsir edýän zenanlaryň köpelmegini görüp begenýärin.
Elbetde, BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterresiň gender deňligini gazanmak baradaky orny aýallaryň diplomatiýada wekilçilik etmegine uly täsir edýär.
Musulman dünýäsiniň käbir ýurtlarynyň, şol sanda Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň aýallaryň has köp wekilçilik edýändigi aýratyn begendirýär.
— Bu esasan erkek klubda az sanly aýal-gyzyň biri bolanyňyz bilen baglanyşykly uzak karýerada nähili kynçylyklara duş geldiňiz?
— Diplomatik jemgyýetdäki az sanly aýallaryň biri bolmak käbir kynçylyklary döredýär. Zenanlar, özleriniň zenan bolanlygy sebäpli bu ýa-da beýleki gün tertibini öňe sürýändigi baradaky düşünjäni ýeňip geçmeli. Iş ýüzünde ol beýle däl. Aýallaryň gowy taýýarlyga, bilime, tejribä eýedigini we erkeklerden erbet işlemeýändigini subut etmeli. Aýallar gowy ýolbaşçylar, has çeýe, ynandyrmaga, pikirlerini we tagallaryny ýetirmäge hem-de durmuşa geçirmäge ukyply. Erkekleriň köpüsine ters pikirler we stereotipler mahsusdyr we olary diňe öz ygtyýaryň, hünäriň, işiň, özüni alyp barşynyň we kärdeşlerine bolan garaýşyň arkaly subut edip ýeňip bolar. Diňe şeýdip hormat gazanyp we ykrar edilip bolýar.
— Siz belleneniňizde, maşgalaňyz muňa nähili garady? Ejäniň, enäniň we ilçiniň borçlaryny birleşdirmek kynmy?
— Maşgalam, meni hemişe hünär isleglerimde, tutuş karýeramda, şol sanda Türkmenistanyň BMG-de hemişelik wekili bellenenimde-de goldady. Olar işimiň möhümdigine düşünýärler we doly ygrarlylygy we ünsi talap edýärler. Elbetde, ejäniň, enäniň we ilçiniň borçlaryny birleşdirmek elmydama aňsat däl, ýöne maşgala bilen işiň arasynda deňagramlylygy tapmaga synanyşýaryn. Bu ýerde ýakynlaryň goldawyna ynamly bolmak we hünär we maşgala jogapkärçiligini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin eglişiklere taýýar bolmak möhümdir.
— BMGÖM-yň ýakynda geçirilen sowalnamasynda dünýädäki erkekleriň we aýallaryň aglaba böleginiň erkekleriň, aýallara garanyňda, bir ýurda, işewürlige, gurama ýolbaşçylyk etmek ukybynyň bardygyna ynanýandygy görkezildi. Siziň pikiriňizçe, şeýle adaty paýhas ýakyn geljekde üýtgäp bilermi we munuň üçin näme edilmeli?
— Erkekleriň ýolbaşçylykda artykmaçlygy baradaky adaty paýhas, aýallaryň jemgyýetdäki orny bilen baglanyşykly uzak möhletli medeni we jemgyýetçilik garaýyşlaryň netijesidir. Şeýle-de bolsa, häzirki zaman hakykaty, ol düşünjäni aradan aýyrýar. Aýallar köp ugurda üstünlik gazanýarlar we syýasatda, işewürlikde we dürli guramalarda ýokary wezipeleri eýeleýärler. Şeýle ynançlary üýtgetmek üçin bilimi, aň-düşünjäni dowam etdirmeli, aýallaryň ýolbaşçylygyny goldamaly we indiki nesli gyzlara gender çäklendirmesiz maksatlara ýetmäge ugrukdyrmaly.
— Şol bir wagtyň özünde, statistika zenanlaryň ajaýyp gepleşikleri geçirijidigini we köp meseläni diplomatik taýdan çözmäge ukyplydygyny subut edýär. Siz amallaryňyza esaslanyp, munuň bilen ylalaşýarsyňyzmy?
— Doly razylaşýaryn. Zenanlar gepleşik we diplomatiýa üçin aýratyn zehinlere eýe. Duýgudaşlygymyz, sabyrlylygymyz we eglişik tapmak ukybymyz sebäpli jedelleri netijeli çözüp we konstruktiw kararlar alyp bilýäris. Men öz iş tejribämde birnäçe gezek muňa şaýat boldum we aýallaryň halkara gatnaşyklarynda parahatçylygy we durnuklylygy gazanmakda möhüm orun tutýandygyna ynanýaryn. Aslynda bu, Zenanlaryň diplomatiýada Halkara gününi yglan eden BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 20-nji iýunyndaky 76/269 rezolýusiýasy bilen tassyklandy.
— Diplomatiýada kär saýlaýan gyzlara näme diýmek isleýärsiňiz?
— Ýaş diplomatlara ýüzlenip, ilki bilen halkara karýerasynyň, ilkinji nobatda, öz ýurduna hyzmat etmegiň tolgundyryjy we örän jogapkärli ýoludygyny belläsim gelýär. Şeýle-de bolsa, diplomatiýanyň adamdan köp zady: bilim, dünýägaraýyş, ýokary akyl, zähmetsöýerligi, çeýeligi, köpmilletli toparlarda işlemegi we çylşyrymly meseleleri çözmegi, şeýle hem saglygy talap edýändigini ýatdan çykarmaly däldir.
Gadyrly gyzlar, kynçylyklara taýýar boluň, ýöne olaryň sizi durdurmagyna ýol bermäň. Zehinleriňizi ulanyň we maksatlaryňyza ýetmäge çalyşyň. Dünýä siziň ukyplaryňyza mätäç, we halklaryň arasynda parahatçylygyň we ynamyň gazanylmagyna, ýurduňyzyň, sebitiňiziň we umuman dünýäniň durnukly ösüşine möhüm goşant goşup biljekdigiňize ynanýaryn. Dogumly boluň!