Iň täze habarlar

Nury Halmamedowyň sazynda çagalyk dünýäsi: orän owadan we näzik!

20.06.2023 | 23:48 |
 Nury Halmamedowyň sazynda çagalyk dünýäsi: orän owadan we näzik!

Nury Halmamedowyň golýazmalarynyň arasynda «Kinematografiýada işler» atly sahypa bar, aşakgy sag burçunda ýazga alnan senesi we ýeri görkezilýär: «12.III.83. ş.Aşgabat, hassahana, 8-nji otag, 4-nji poliklinika». Nury özüniň gidýändigini bilýärdi. Ol netijeleri jemleýärdi we muny hem film sazyndan başlady.

Sahypa birkemsiz göni çyzyklar bilen üç sütüne çyzylan, - elbetde onuň eli notalaryň monjuk ýazgysy üçin nota düşeginiň göni çyzyklaryna öwrenişen. Her sütüniň eserleriň sanawy bilen öz açyk salgysy bar: «Multiplikasiýa», «Çeper filmler», «Dokumental filmler». Bogazyň gysylyp barýar – birinji ýerde multfilmler dur. Hawa, ol onuň aýratyn içki talaby - çagalar üçin aýdyň, durmuşy tassyklaýan saz ýazmak, çagalyk döwrüniň bagtly dünýäsini döretmekdi. Nurynyň özi üçin çagalyk dünýäsi uruş we çagalykdan doly ýetimlik bilen dolulygyna şikeslidi.

Animasiýa filmlerine bolan ygrarlylygyny düşündirýän Nury Halmamedow, telewideniýede beren interwýusynda: «Multiplikasiýa kompozitor üçin döredijiligiň iň gyzykly görnüşlerinden biridir. Multfilmdäki saz, edil biziň içimizdäki ýürek ýaly, - ol ähli zady kadrda janlandyrýan, adama meňzedýän «hereketlendiriji» ... » diýip, aýdypdy.

«Bäsdeşlik», «Aýgytly ädim», «Magtymguly» çeper filmleri üçin eýýäm meşhurlyk gazanan Nury, dostlary – teleýaýlymçylar Ýewgeniý Mihelsonyň we size tabyn hyzmatkäriňiz Lora Stepanskaýanyň multfilm surata düşjekdiklerini bilende, ikirjiňlenmän taslama goşuldy. Olaryň içinden hiçisiniň entäk bu žanrda milli kinoda iş tejribesi ýokdy. «Ilkinji açyş edenler» hiç hili hünär ussatlygyna eýe däldi. Olaryň esasy delilleri, öňden hasapdan çykarylan, uzak wagt işledilmedik, kadrdan daşary surata almak tehnikasy we türkmen çagalaryna öz türkmen multfilmini sowgat etmek höwesi we arzuwy bolan, dilsiz kinonyň DEBRIE el kamerasydy.

1-5.jpg

Gaty islegli sýužetiň gözlegi meşhur şahyr Kerim Gurbannepesowyň özüne dost gözleýän ýalňyz güjük hakda täsir galdyryjy hekaýaly «Öýsüz Goňurja» atly goşgusyny saýlamak bilen tamamlandy. Çypar Goňurjanyň durmuş pelsepesi aç-açan «biografiki» häsiýetlidi – filmiň režisýorynyň çagalygyny, kompozitoryň irki döwürlerini – açlygy, uruş weýranlygyny we ýetimligi şekillendirýärdi.

Halmämedowyň we Mihelsonyň maşgalalary goňşy bolup ýaşaýardylar. Biziň öýümizde üýşýärdik. Ol ýerde mebel ýok diýseňem bolýar, emma ROENISCH nemes firmasynyň pianinosy bardy. Nury ajaýyp pianinoçydy. Ol pianino janly zat ýaly seredýärdi, sesi barada alada edýärdi, yzygiderli sazlaýjy getirýärdi, olar içinde birzatlary berkidýärdiler ...

Tizara, taslama bukjasyna edebi ssenariý, režisýoryň ssenarisi, her meýilnama üçin ruçka bilen çyzylan nota depderi we Goňurjanyň aýdymy we multfilmiň esasy saz mowzuklary girdi.

Nurynyň tutuş orkestri diňlemek ukyby bardy. Ol birbada partitura ýazýardy we finalyň dabaraly sesine, ýagşylygyň ýamanlykdan hökmany ýeňşine köp üns berýärdi. Uzak sergezdanlykdan, biperwaý gamgyn duşuşyklardan we dönükliklirden soň Goňurja özüne dost tapar. Ol, batyr we akýürekli çoluk oglanjyk – Aşyr bolar. Hut şol at hem Nurynyň kiçi ogluna berildi.

«Men durmuşda ýalňyzdym, /Dost tapyp bilmedim,/Indi bolsa dostlarym ... », - diýip Nury guralyň öňünde oturyp aýdym aýdýardy. We onuň garaja gözleri şatlykdan ýaňa ýalpyldaýardy. Bu bahasyna ýetip bolmajak partitura indi nirede ?! «Türkmentelefilm»-iň döredijilik geňeşi taslamany tassyklady we materiallarly bukja protokol goýumlarynda ýitdi.

Ilkinji türkmen multfilmi Aşgabatda-da, Moskwada-da höwes bilen kabul edildi. Mihelson, şeýle gowy başlangyç bilen gutlandan soň, kabul ediş toparynyň başlygynyň: «Filmiňizdäki saz haýran galdyryjy, nähili täze owaz, nähili asyl sazlaşyk ... », - diýip belledi.

Olar bilelikde sekiz surat döredip ýetişýärler. Iň soňkysyny 1983-nji ýylda «Düýe näme üçin ýandak iýýär» - we ýagşylyk, dostluk we adalat taglymlaryny getirýän, milli multiplikasiýanyň ajaýyp binýadyny goýýarlar.

2-6.jpg

Nury çagalaryň çeper filmlerinde şatlyk bilen işleýärdi. Oňa çaga kalbynyň dünýäsi ýakyn we ezizdi.

Meşhur aktýor Baba Annanow telewideniýede «Serdar» filmi bilen režisýor hökmünde ilkinji gezek çykdy. Suratdaky hereket, adamlary gyzyl we ak reňklere bölüp bilýän raýat urşy döwründe bolup geçýär. Suratyň gahrymany Serdar, Garagumda gan döküşikden gidýär. Ol pikirlenmelidi. Ol sekiz ýaşly gyzyny ýeke özi ulaldýardy we onuň durmuşy üçin jogapkärçilik çekýärdi.

Pikirdeşlere mätäç Baba Annanow hemmämizi önümçilik toparyna jemledi. Men filmiň redaktory bolup, ssenariýanyň üstünde işleýärdim, Mihelson suratyň suratkeşi boldy we Baba Nury Halmämedowdan esasy zada - seslenýän Garaguma, baş gahrymanyň içindäki duýgularyň we pikirleriň ýiti göreşiniň berilmegine, hakykatdanam bu köz ýaly ýagdaýda çaga dünýäsiniň döredilmegine garaşýardy.

Men öýümizdäki režisýor bilen kompozitoryň arasynda şeýle duşuşygyň şaýady boldum: Nury gahryman Baharyň esasy pikirini gürrüň edip otyrka bir eli bilen oýnap başlady, soňra gurala tarap öwrüldi we iki eli bilen dowam etdi. Baba birden ýerinden turdy-da weranda gitdi. Ol aglady. Ol hem ýetim bolup ulaldy. Onuň kakasy frontda, ejesi Aşgabatdaky ýer titremesinde aradan çykypdy.

Filmde bu çagalyk sazy skripka bilen ýerine ýetiriler. Gyzjagaz suw çeşmejiginiň aşagynda bize arkan dur, - kakasy oňa hammam gurdy we ol suwa düşýär, elleri bilen akymlary tutýar, gülýän agzyny suwa tutýar, bir salym doňýar we özüni diňleýär ... We gyzjagazyň daşynda durmuşyň agyňy getirýän aýajyp dünýäsi – ýakyp barýan gün şöhleleri, tükeniksiz çägeler, damjalaryň reňkleri bilen öwüşgün atýan inçejik ýürek awadyjy gyz şekliniň owadanlygy ýaňlanýardy.

Kompozitor Nury Halmämedowyň sazyny düzen Usman Saparowyň «Erkek terbiýesi» filminiň ajaýyp ykbaly bar. Sýužet sada. Alty çaganyň kakasy ejesiniň we aýal doganlarynyň söýgüsinde ulalýan ýekeje oglunyň häsiýeti barada alada edýär. Ol ikinji synp okuwçysyny tomus kanikuly üçin Garagum çölüniň uzak öri meýdanlarynda ýaşaýan çopan atasyna ibermek kararyna gelýär. Şol ýerde hem gahrymanyň «erkek terbiýesi» bolýar. Adaty türkmen maşgalasy, türkmen ýaşaýyşy, tebigaty, türkmen gatnaşyklary.

Film dünýä ekranynda islege eýe bolup, döredijilerine we ýurduna hakyky şöhrat getirdi. Russiýada, Germaniýada, Fransiýada, Italiýada, Portugaliýada ... geçirilen Halkara çagalar we ýaşlar filmleriniň festiwallarynda ona golaý Gran-pri, baş baýraklar, diplomlar. Moskwadaky Bütinsoýuz festiwalynda ýeňiş, SSSR-iň döwlet baýragy.

Režisýor Nury Halmämedowyň filmdäki sazynyň ähmiýetine mynasyp baha berýär. Usman Saparow şeýle ýazýar: «Nurynyň sazy möwç urýan çeşmä meňzeýär. Onuň sazyny diňläniňde, nähilidir bir täze duýgulary başdan geçirýärsiň, ozal ýaşyrylan täze mümkinçilikleri açýar».

Nury Halmämedow, milli folkloryň aýratynlyklaryny özleşdirip, dünýä saz medeniýetiniň aýratynlyklaryny yzygiderli öwrenýärdi we olara ýokary baha berýärdi. Olaryň özara gatnaşygynda, özara baýlaşmagynda – Watanymyzda «Halmämediň stili» saz adalgasyna öwrülen owazlaryň ýaňlanmagynyň syry bar.

3-5.jpg

Şunuň bilen baglylykda, 2000-nji ýyllarda hut özümiň gatnaşan bir waka hakda gürrüň bereýin. Ýaponiýanyň hökümet wekiliýetiniň duşuşygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde medeni maksatnama meýilleşdirildi. Wekiliýwtiň düzüminde Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi aýaly bilen we ilçihananyň köp sanly işgäri bardy. Biz daşary ýurtly myhmanlary türkmen kinomatograflary bilen tanyşdyrmak agşamyny taýýarlaýardyk we ХХ asyryň ýapon şahyrlarynyň goşgularyna ýazylan Nury Halmämedowyň «Hirosimanyň we Nagasakiniň çagalarynyň diňlenmedik aýdymlary» wokal sikliniň ýekelikde ýerine ýetirilmegi bilen «Erkek terbiýesi» filmini öňünden görkezmäge karar berdik.

Sabyrly ýaponlaryň duýgularyny şeýle duýgudaş görkezip biljekdigini hiç kim pikirem etmedi. Olar bize terjimeçä bil baglamazdan, kompozitoryň ýaponlaryň kalby dünýäsine aralaşmagynyň çuňlugyndan haýran galandyklaryny düşündirdiler. Ilçiniň aýaly Nury Halmämedowyň wokal sikliniň notalaryny görme mümkinçiligi barada sorady we olary kompozitoryň aýaly Gülsoltan Halmämedowanyň elinden alandygyna örän begendi.

Nury Halmämedow wokal siklleri üçin şahyrlary saýlamagy bilen köpleri geň galdyrýardy. Magtymguly, Mollanepes - bu genetiki, ruhy birleşik, ýöne näme üçin Sergeý Ýesenin? Näme üçin Genrih Geýne? Ýapon klassiklerine bolan gyzyklanma nireden gelýär? Nury interwýu bermegi halamaýardy we beýle soraglara jogap bermegem islemedi. Şygyr setirleriniň nahili manyly we duýgy güýjüniň onuň ýüreginde ýaňlanyp başlaýandygyny diňe çaklamak mümkin.

Çagalykdan mahrum bolan Nury Halmämedow, dünýäniň gözelligini hiç wagt görüp, ýagty asmanyň astynda ýeterlik oýnap, ýerli aýdymlary ... diňläp bilmejek bigünä ölen ýapon çagalary üçin agyry duýman bilmedi.

Ýapon äheňleri, onuň türkmen ýüreginde Klaasyň küli ýaly dükürdedi we juda çylşyrymly we ajaýyp romanslaryň sikline döküldiler. Kompozitor täsin türkmen aýdymçysy Medeniýet Şahberdýewanyň ses ukybyna esaslanyp «diňlenmedik aýdymlary…» ýazdy. Çagalaryň ýakyndan duýgusynyň we durmuşyň şatlygynyň tutuş uly dünýäsi. Ýok edilen. Diňlenmedik.

4-4.jpg

Häzirki zaman ýerine ýetirijileriniň – kompozitor we pianinoçy Mered Guseýnowyň we aýaly, Gelikon opera teatrynyň artisti Dariýa Guseýnowanyň repertuaryna duet hökmünde yhlasly we zehinli alnan bu sikl, Nury Halmämedow adyndaky göterýän «Dutaryň owazy» atly Moskwanyň halkara sungat festiwalynyň maksatnamalarynda we dünýäniň sahna meýdançalarynda yzygiderli ýaňlanýar.

Çagalyk dünýäsi şeýle bir owadan we şeýle näzik!

Biz ilkinji nobatda ene-atalar. Biz ony dünýä injekler üçin bagtly saklamagy başarmalydyrys.

Nury Halmämedow muny öz durmuşynyň işi hasaplaýardy.

Lora STEPANSKAÝA,
ssenarist-režisýor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri

Foto: awtor

Şeýle hem okaň: