Iň täze habarlar

Bir eksponatyň taryhy: täsin çaý toplumy «Kosmonawtlaryň maşgalasy»

19.06.2023 | 22:46 |
 Bir eksponatyň taryhy: täsin çaý toplumy «Kosmonawtlaryň maşgalasy»

Ýakynda ilkinji kosmonawt Walentina Tereşkowanyň äleme uçmagynyň 60 ýyllygy bellenilip geçildi. Bu diňe bir SSSR üçin däl, eýsem tutuş ynsanyýet üçin ajaýyp taryhy waka öwrüldi we netijede adamzadyň näzik wekillerine orbita ýol açdy.

Şu günler bu mowzukda gyzykly neşirler çykaryldy we ORIENT-iň redaksiýasyna redaktorlaryna Yu.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlyk merkeziniň sosial ulgamlaryndaky bir gyzykly ýazga salgylanma iberildi. Biz ony okyjylar bilen paýlaşmagy ýüregimize düwdük. Neşir KTM muzeýi bilen bilelikde «Bir eksponatyň taryhy» taslamasynyň çäginde taýýarlandy we dünýäniň ilkinji zenan kosmonawty Walentina Tereşkowanyň äleme uçmagynyň 60 ýyllygyna bagyşlanýar.

1963-nji ýylyň 16-njy iýunynda Baýkonurdan «Wostok-6» älem gämisi uçuryldy. Onda altynjy sowet kosmonawty we dünýäde agyrlyk güýjüni ýeňmegi başaran ilkinji zenan Walentina Tereşkowa bardy. Mundan başga-da, Walentina Wladimirowna henizem älem gämisini dolandyran ýeke-täk zenan.

1.jpg

Uçuş wagtynda «Çaýkada» (Tereşkowanyň tutulýan ady) gäminiň ugruny kesgitlemekde kynçylyk ýüze çykdy. Walentina Wladimirowna bölümdäki ýoldaşlary bilen deň derejede tälim aldy we olar ýaly synaglara-da taýýardy. Walentina Tereşkowa, Ýerden alnan maslahatlary ýerine ýetirip, adatdan daşary ýagdaýyny düzetdi we üç güne golaý dowam eden uçuşy dowam etdirdi.

«Wostok-6», Walentina Tereşkowa bilen Ýeriň daşyndan 48 gezek aýlandy we 19-njy iýunda Altaý sebitine gondy.

Şol bir wagtyň özünde, 14-nji iýunda uçurylan we Sowet kosmonawty Waleriý Bykowskiý tarapyndan dolandyrylýan «Wostok-5» älem gämisi hem ýere golaý orbitadady. «Wostok»-laryň bilelikdäki uçuşynyň ep-esli bölegi radio aragatnaşygy, şol sanda gämileriň arasynda synaglaryna bagyşlanandy. Bu uçuşdan 55 ýyl gowrak wagt geçensoň, Waleriýa Tereşkowa Waleriý Bykowskiý hakda gürrüň edende, oňa «älem doganym» diýip ýüzlenýardi.

2.jpg

Ilkinji kosmonawtlar üçin aýratyn kyn boldy. Sebäbi olara öwrenilmedik, durmuş üçin howply we ýaramsyz giňişlik garaşýardy. Şol sebapli kosmonawtlar topary, agzalary bilelikde synaglary ýeňip geçýän, dalaşgärden weteran kosmonawta çenli ýoly geçýän, umumy ýatlamalarynyň çyn ýürekden gadryny bilýän we buýsanýan uly we dostlukly maşgala bolupdy.

1971-nji ýylyň 12-nji aprelinde Kosmonawtlary taýýarlyk merkeziniň muzeýiniň gaznasyna özboluşly eksponat goşuldy. Muzeýe Rybinskdäki farfor zawodynda öndürilen 23 adamlyk «Kosmonawtlaryň maşgalasy» çaý toplumy sowgat edildi.

Sowet Soýuzynyň nyşanlary bolan gap-gaçlarda dünýäni üýtgeden, äleme ýol açan we bu nätanyş ýoly bilelikde özleşdiren 23 adamyň portretleri şekillendirilipdir. Amaly kosmonawtikany esaslandyryjy Sergeý Korolýow, dünýädäki ilkinji kosmonawt Ýuriý Gagarin we älemdäki ilkinji zenan Walentina Tereşkowa «Kosmonawtlaryň maşgalasy» çaý toplumynyň başynda gelýär.

3.jpg

Baş konstruktoryň we kosmonawt korpusynyň 22 agzasynyň portretleri hiç hili meňzeşi bolmadyk we dolandyrylýan kosmonawtikasynyň ilkinji onýyllygynyň taryhyny öz içine alýan eksponaty bezeýär.

ORIENT news

Foto: Yu.A.Garagin adyndaky kosmonawtlary taýýarlyk merkezi

Şeýle hem okaň: