Aşgabatda ÝET-nyň işiniň ekologiki ugurlaryna bagyşlanan maslahat açyldy
15.06.2023 | 09:35 |Aşgabatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Uglewodorod ýataklaryny işlemegiň energetika geljegi, täze tehnologiýalary we ekologiki ugurlary» atly ylmy-amaly maslahat öz işine başlady – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çäre 20 ýurtdan 800-den gowrak wekilleri ýygnady. Olar ÝET-da täze tehnologiýalaryň ulanylmagyny, uglewodorodlar gazylyp alnanda metanyň we CO2-niň zyňylmagynyň azaldylmagyny, şeýle hem goşmaça ekologiki maliýeleşdirmäniň mümkinçiliklerini we arassa energetikany öňe sürmekdäki başlangyçlary ara alyp maslahatlaşarlar.
Forumyň gatnaşyjylarynyň arasynda — BMG-niň, ÝHHG-nyň, metanyň zyňylmalary boýunça Halkara obserwatoriýasynyň wekilleri, Aziýanyň ösüş bankynyň wekilleri, şeýle hem Climate Compass, LLC, Tetra Tech Inc, GHGSat Inc, Carbon Limits AS, Dragon Oil, ООО МИП «НЭС Профэксперт», Chevron, Baker Hughes, PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd, Yug-Neftegaz Private Limited we beýleki kompaniýalaryň wekilleri bar.
Maslahat Türkmenistan tarapyndan metan boýunça Bütindünýä borçnamasyna birikmek üçin halkara hyzmatdaşlygy boýunça Ýol kartasynyň taýýarlanyp başlanmagy nukdaýnazaryndan aýratyn möhümdir.
Nebit we gaz ýataklary işlenilende metanyň we ugurdaş gazlaryň zyňylmagy ýaly ekologiki meselelerden başga-da, maslahata gatnaşyjylar uglewodorodlary gazyp çykarmagy amatlaşdyrmakda öňdebaryjy tehnologiýalaryň we nou-haunyň ulanylmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.
ORIENT habarlar