Iň täze habarlar

Türkmenistan Metan boýunça ähliumumy borçnama goşular

11.06.2023 | 01:33 |
 Türkmenistan Metan boýunça ähliumumy borçnama goşular

Türkmenistan Metan boýunça ähliumumy borçnama goşulmagy göz öňünde tutýar. Bu maksat bilen ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygy üçin ýol kartasyny taýýarlar, taslamanyň işlenip taýýarlanyşy barada wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow şenbe güni türkmen hökümetiniň mejlisinde habar berdi.

Türkmenistan, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça dünýä proseslerine jogapkärçilikli gatnaşyjy bolmak bilen, 2021-nji ýylyň noýabr aýynda BMG-nyň Glazgoda geçirilen howa meseleleri boýunça forumda hödürlenen başlangyçlary we konsepsiýalary, şol sanda Metan boýunça ähliumumy borçnamany goldady.

Ylalaşygyň maksady –2030-njy ýyla çenli metanyň zyňyndylaryny, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 30% çäklendirmek. Bu borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi 2050-nji ýyla çenli azyndan 0,2 gradus ýylylygyň azalmagyna getirer. Türkmenistan metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça global çärelere goşýan goşandyny güýçlendirmäge we bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar we halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýar.

Bu barada Türkmenistanyň Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi babatynda tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň döredilmegi baradaky teklibi hem şaýatlyk edýär.

"Ýaşyl" ykdysadyýete geçmek ýoluna düşen ýurdumyz wodorod energiýasy pudagynda hem halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýär, bu ugurda hökümet derejesinde 2022-2023-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk ýol kartasy hem kabul edildi, 2023-2024-nji ýyllar üçin ýol kartasy bolsa taýýarlanyldy.

Metan boýunça halkara hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, Raşid Meredow metanyň zyňylmagynyň öňüni almak üçin hereketleri we çäreleri bilelikde işläp düzmek üçin birnäçe okuw seminarlaryny, ylmy forumlary we bilermen simpoziumlaryny guramagy teklip etdi.

Şeýle hem, Metanyň zyňyndylary boýunça halkara obserwatoriýanyň, BMG-nyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň goldawy bilen degişli hünärmenleriň hukuk we ylmy-barlag ugurlarynda hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin okuwlary we kurslary geçirmek teklip edildi.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: