Iň täze habarlar

Merkezi Aziýa ýurtlary suw howpsuzlygy meselesini bilelikde çözüp bilerler: Tokaýew

08.06.2023 | 21:43 |
 Merkezi Aziýa ýurtlary suw howpsuzlygy meselesini bilelikde çözüp bilerler: Tokaýew

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew “Astana” halkara forumynda çykyş edip, Merkezi Aziýa ýurtlaryny suw howpsuzlygy meselesini bilelikde çözmäge çagyrdy. Respublikanyň paýtagtynda sebitdäki iň uly gurultaý geçirilýär. Kongresler merkezi penşenbe güni müňe golaý daşary ýurtly delegaty kabul etdi – diýip, Akorda habar berýär.

Kasym-Jomart Tokaýew Gazagystanda BMG-nyň howandarlygynda sebitleýin howa sammitini geçirmegi teklip etdi. Ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýakyn wagtda ekologiki betbagtçylyga - suw desgalarynyň ýalpaklanmagyna duçar bolup biljekdigini belledi. Şeýle-de Tokaýew 2050-nji ýyla çenli sebitiň iki esasy derýasynyň – Syrderýanyň we Amyderýanyň suwunyň, takmynan 15% azaljakdygyny mysal getirdi. Munuň özi bu suw çeşmelerini ulanýan döwletleriň ykdysadyýetine ýaramaz täsirini ýetirer.

“Sebitdäki ekologiki betbagtçylygyň öňüni almak üçin biz Araly halas etmegiň halkara gaznasyna goldaw bermek üçin köpräk serişde bölüp bermäge çagyrýarys. Suw we howanyň üýtgemegi meselesi özara baglanyşyklydyr. Merkezi Aziýa – suw howpsuzlygyna diňe jebis hyzmatdaşlyk we oýlanyşykly kabul edilen bilelikdäki çäreler arkaly ýetip boljak sebitdir" – diýip, Tokaýew aýtdy.

ORIENT news

Foto: akorda.kz

Şeýle hem okaň: