BAE-de genetiki taýdan üýtgedilen ýylylyga çydamly arylar ösdürilip ýetişdirildi
05.06.2023 | 20:41 |Birleşen Arap Emirliklerinde genetiki inženerligiň kömegi bilen agyr howa şertine, şol sanda 50 derejä çenli gyzgynlyga çydap bilýän ary tohumyny ösdürip ýetişdirdiler. BAE häkimiýetleri şeýlelik bilen ýerli bal önümçiliginiň paýyny artdyrmak isleýärler.
Häzirki wagtda Birleşen Arap Emirlikleri arylarnyň öýjüginiň 95 göterimden gowragyny import edýär. Hatta Honey bal ary idedilýän ýerinde Kanadadan, Italiýadan, Ammandan we Saud Arabystanyndan gelýän arylaryň mekanydyr.
Pandemiýa döwründe-de BAE-nyň ýaşaýjylary aryçylary goldamak we ýerli öndürilen önümler bilen üpjün etmek üçin ary öýlerine ideg edip başladylar. Her bir ary öjükleri «kabul eden ene-atalaryna» ýylda 10 kg töweregi bal getirýär ler diýip, russianemirates.com ýazýar.
Häkimiýetler ary importyny azaltmak üçin ýylylyga çydamly arylaryň täze tohumyny ulanmagy umyt edýärler.
Ozal «Science» žurnalynda dünýäde arylaryň sanynyň düýpgöter azalandygy barada bir makala peýda boldy. Hünärmenler munuň sebäplerinden biri hökmünde, ýerdäki gyzgynlyk derejesiniň ýokarlanmagyny görkezýärler.
ORIENT news