Türkmenistanda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy meýilleşdirmegi ara alyp maslahatlaşdylar
06.06.2023 | 16:25 |Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça milli meýilnamalara ilatyň ykjam hereket etmegini goşmak, şeýle hem bu ugurdaky öňdebaryjy tejribe Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň Ýurt edarasynyň we Türkmenistandaky BMGÖM-nyň iki günlük seminarynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ugurdaş ugur boýunça türkmen hünärmenleri üçin okuw howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak meselesine bagyşlanan seminarlaryň tapgyrynyň üçünjisidir. Olar BMGÖM-nyň «Türkmenistanda uýgunlaşmany meýilleşdirmegiň milli prosessiniň ösdürilmegi» we MHG-nyň «Migrasiýanyň, daşky gurşawyň we howanyň üýtgemeginiň arasyndaky özara baglanyşygyň howanyň üýtgemegi bilen bagly milli meýilnamalara goşulmagy» taslamasy tarapyndan göz öňünde tutulandyr, ol Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirilýär.
BMGÖM-nyň Moldowadaky edarasynyň hünärmeni maglumatlary ýygnamak, monitoring, howa we uýgunlaşma çäreleri boýunça hasabatlylyk boýunça döwrebap tejribäni paýlaşdy. Bu jähtde şu prosesslere dürli gyzyklanýan taraplary — hususy pudagyň wekillerini, raýat jemgyýetini, ýerli özüňi dolandyryş edaralaryny çekmegiň zerurdygy nygtaldy.
Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy milli meýilleşdirmegiň prosessi uzakmöhletleýin işdir, şol sebäpli ony üstünlikli ýerine ýetirmek üçin oňa gatnaşýan düzümleriň we taraplaryň arasynda hereketleriň utgaşdyrylmagy zerur bolup durýar.
ORIENT habarlar