ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisiniň maşgalasy Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmekde goşan goşandy üçin hormat hatlaryna mynasyp boldy
05.06.2023 | 13:20 |Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky ilçisiniň maşgalasy Dubrawka Ýowanowiç türkmen paýtagtyny bagy-bossanlyga öwürmekde goşan goşandy üçin Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, şeýle hem ýurduň Agrar partiýasynyň hormat hatlaryna mynasyp boldy.
Hormat hatlary Aşgabatda geçirilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan we Türkmenistanyň tebigaty goramak işindäki üstünliklerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatyň dowamynda gowşuryldy.
Türkmenistanda bolmagynyň dowamynda Ýowanowiç şahsy başlangyjy bilen we öz serişdeleriniň hasabyna 9000 müňden gowrak gyrymsy agaçlary we 6000 agajy Aşgabatda we onuň töwereklerinde oturtdy.
Baglary oturtmak boýunça köpsanly çäreleri gurnamak bilen, ol bu işe dürli sosial toparlary — mümkinçiligi çäklendirilen adamlary, mekdep okuwçylaryny, talyplary we ş.m. çekdi. Şeýlelik bilen, Ýowanowiç diňe bir Aşgabady gür baglyga öwürmäge ýardam etmän, eýsem jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň jemgyýetçilige goşulyşmagyna we özara düşünişmeklerine hem ýardam etdi.
Şunuň bilen baglanyşykly okaň:
Biri-biriňize agaç sowgat ediň we ol hökman gowulygyň miwesini getirer...
ORIENT habarlar