BMGÖM-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi Hazaryň kenarynda belledi
05.06.2023 | 10:39 |Her ýylyň 5-nji iýunynda bellenip geçilýän Daşky gurşawy goramagyň halkara gününe bagyşlap BMGÖM-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy Balkan welaýatynda birnäçe çäreleri geçirdi.
BMGÖM «Daýanç» sagaldyş merkezinde tomus kanikulynda dynç alýan çagalar üçin bilim sessiýasyny geçirdi. Çäre BMGÖM-nyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýanyň gatnaşmagynda geçdi.
Bu ýyl Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni plastik bilen hapalanma meselesine bagyşlanandyr. Şunuň bilen baglylykda, ösüp gelýän nesliň wekilleri howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde bütindünýä tagallalarynyň çäklerinde planetanyň her bir ýaşaýjysynyň eýeläp biljek orny barada öwrendiler.
Sessiýanyň barşynda ummanlary we deňizleri goramagyň meselelerine, deňiz serişdelerinden rejeli peýdalanmaga aýratyn üns berildi.
Hazaryň kenarynda çagalar üçin şekillendiriş sungaty we gipsden dürli figuralary ýasamak boýunça sapaklar hem guraldy.
Çäre «Türkmenistandaky durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilmegi» taslamasynyň çäklerinde guraldy, ol Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi we BMGÖM tarapyndan Bütindünýä ekologiki gaznasynyň (GEF) maliýeleşdirilmeginde ýerine ýetirilýär.
ORIENT habarlar