Iň täze habarlar

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp maslahat geçirilýär

05.06.2023 | 16:03 |
 Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp maslahat geçirilýär

Aşgabatdaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak babatyndaky üstünliklerine we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirilýär.

Maslahat başlamazdan öň gatnaşyjylar baý türkmen tebigatyna, biodürlülige we haýwanlaryň we ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerine bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar.

В Ашхабаде проходит конференция ко Всемирному дню защиты окружающей среды

Çäräniň dabaraly açylyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň daşky gurşawy goramak pudagynyň işgärlerine iberen gutlagy okaldy. Gutlagda döwlet baştutany Türkmenistanyň ekologiki abadançylyga uly ähmiýet berýändigini we onuň ýurdy bagy-bossanlyga we gülleýän oazise öwürmek maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini belledi.

Maslahatda esasy söz bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Allanur Altyýew çykyş etdi. Ol biosferanyň durnuklylygyny saklap galmaga esaslanýan we adamyň ýaşaýyşy üçin sagdyn we amatly tebigy gurşawa bolan hukugy üpjün etmäge gönükdirilen döwlet ekologiki syýasatynyň ýerine ýetirilişi barada gürrüň berdi.

В Ашхабаде проходит конференция ко Всемирному дню защиты окружающей среды

Onuň çykyşynda Türkmenistanyň tebigaty goramak babatynda Aşgabadyň we ýurduň welaýatlarynyň töweregindäki tokaý zolaklarynyň araçäginiň giňeldilmegi, Garagumyň merkezinde emeli Altyn Asyr kölüniň döredilmegi we ş.m. ýaly üstünlikli taslamalarynyň we başlangyçlarynyň anyk mysallary getirildi.

Türkmenistanyň Suw hojalygy döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Ataýew suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hakynda gürrüň berdi.

Maslahatda çykyş etmek üçin halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri, şol sanda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMGÖM-nyň hemişelik wekili Narine Saakýan, GIZ-iň «Merkezi Aziýada howa töwekgelçiliklerini dolandyrmak» taslamasynyň ýolbaşçysy Sergeý Makarow hem çagyryldy.

В Ашхабаде проходит конференция ко Всемирному дню защиты окружающей среды

Wideo aragatnaşyk arkaly maslahata BMG-niň daşky gurşaw boýunça Maksatnamasynyň (ÝUNEP) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin kiçi edarasynyň baştutany Aýdaý Kurmanowa, FAO-nyň Merkezi Aziýadaky sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gutu, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Zafar Mahmudow hem baglandylar.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak babatyndaky kanunçylygynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini nygtadylar, Milli tokaý maksatnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň ähmiýetini bellediler we ýurduň ekologiki ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklarynyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

В Ашхабаде проходит конференция ко Всемирному дню защиты окружающей среды

Daşky gurşawy goramagyň dünýä derejesindäki wajyp meselelerine uly üns berildi. Soňky maglumatlara laýyklykda her ýylda adamlar tarapyndan dünýä ummanyna 6,5 milliard kilogram zibiliň taşlanýandygy bellenildi. Şunda onuň aglaba böleginiň plastikden ybarat bolup, onuň 500 ýyla golaý wagtda dargaýandygy aýdyldy.

Her ýylda biziň planetamyzdan janly organizmleriň 30-32 görnüşi ýitýär. Bu hadysanyň esasy sebäbi — olaryň ýaşaýşynyň tebigy gurşawynyň ýok bolmagydyr, serişdeleriň artykmaçlygy we daşky gurşawyň hapalanmagydyr.

Şuňa meňzeş ekologiki meseleleriň wajypdygy hakynda gürrüň etmek bilen, çykyş edenler Türkmenistanyň olary anyk we netijeli başlangyçlar arkaly çözmegiň dünýä jemgyýetçiligine oňyn mysalyny görkezýändigini bellediler.

В Ашхабаде проходит конференция ко Всемирному дню защиты окружающей среды

ORIENT habarlar

Foto: ORIENT-iň redaksiýasy

Şeýle hem okaň: