Iň täze habarlar

Türkmen parlamenti täze kanunlary kabul etdi – sanawy

05.06.2023 | 12:24 |
 Türkmen parlamenti täze kanunlary kabul etdi – sanawy

Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunlaryň kabul edilmegi üçin ses berdi, hususanda, gürrüň söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda türkmen-azerbaýjan-türk ylalaşygyny tassyklamak hakynda barýar- diýip, türkmen mejlisiniň maslahatynyň jemleri boýunça TDH habar berýär.

Ylalaşyk söwda we ykdysadyýet babatynda üç dostlukly ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk üçin täze ugurlaryň açylmagyna ýardam eder. Kanunçylyk taslamasyna geçen ýylyň dekabrynda döwlet baştutanlarynyň Türkmenbaşydaky üç taraplaýyn sammitiniň jemleri boýunça başlangyç berlipdi.

Şeýle hem deputatlar biragyzdan «Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goraglylygy hakynda» kanuny tassykladylar, ol ýurtda integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döretmek, olary hukuk taýdan goramak we ulanmak bilen baglanyşykly gatnaşyklaryň düzgünleşdirilmegine ýardam eder.

Şeýle hem deputatlar şu aşakdaky kanunlary ara alyp maslahatlaşmaga çykardylar we kabul etdiler:

— «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»;
— «Notariat we notarius işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda;
— «Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda;
— «Türkmenistanda Adwokatura we adwokatlyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda;
— «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda;
— «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»;
— «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalary girizmek hakynda;
— «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda;
— «Paýdarlar jemgyýeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda;
— «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»;
— «Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda»;
— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda;
— «Türkmenistanyň Suw kodeksine goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmek hakynda»;
— «Türkmenistanyň Saýlaw Kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda»;
— «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň kanunyna goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmek hakynda.

ORIENT habarlar

Foto: redaksiýanyň arhiwinden

Şeýle hem okaň: