Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň pudagara topary döredildi
03.06.2023 | 01:34 |Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň pudagara toparyny döretmek hakynda karara gol çekdi - diýip, TDH habar berýär.
Şunuň ýaly karar Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda emele gelýän parnik gazlarynyň möçberini yzygiderli azaltmak boýunça işleriň netijeliligine gözegçilik etmek boýunça Milli strategiýasyna gabat gelýär.
2021-nji ýylyň noýabrynda Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde geçen COP26 sammitinde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň metan gazlarynyň zyňylmagynyň kemeldilmegine Milli derejede aýratyn üns berýändigini we, şunuň bilen baglylykda, «Metan boýunça Bütindünýä borçnamasyny» makullaýandygyny beýan edipdi.
Şonda Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňylmagynyň nol dereje ösüşini gazanmagy meýilleşdirýändigi, uzak möhletleýin geljekde bolsa –hem öz serişdeleriniň hasabyna, hem halkara guramalarynyň tehniki we maliýe taýdan goldamagynda her ýylda zyňylmalary ep-esli azaltjakdygy bellenipdi.
ORIENT habarlar