"Ali Baba we kyrk garakcy" atly sowet filminiň täze görnüşini üç ýurduň kinematograflary surata düşürer
30.05.2023 | 00:13 |Özbegistanyň, Russiýanyň we Hindistanyň kinematograflary 1979-njy ýylda öndürilen “Ali Baba we kyrk garakçy” atly filmiň “gaýtadan işlenen” görnüşini düşürmek barada söhbet etdiler. Şol döwürde kino lentasy meşhur režissýorlar – russiýaly Latif Faýziýew we hindistanly Umeş Mehra tarapyndan düşürilipdi.
Duşuşyk “Özbekfilm” kinostudiýasynda onlaýn ýagdaýda geçirildi. Söhbetdeşligiň esasy mowzugy bilelikdäki özbek-rus-hindi başdan geçirme remiks filmini döretmek ideýasy boldy. Taraplar guramaçylyk meselelerine, aktýorlar düzüminiň saýlawyna we geljekki filmiň takmyny býujetine garadylar.
Kino eseriniň garakçylaryň jadyly gowagynda ummasyz baýlygy tapan garyp odunçy Ali Baba hakdaky rowaýatyň birinji bölümini dowam etmelidigi, ýöne filmiň ideýa mazmunynyň häzirki zaman talaplaryna laýyk bolmalydygy barada teklipler aýdyldy – diýip, yuz.uz habar berýär.
Filmi surata düşürmek üçin hyzmatdaşlar tötänleýin saýlanmady. Taslamanyň awtorlary – Ali Baba baradaky birinji filmiň režissýory Umeş Mehra we russiýaly režissýor Džanik Faýziýew, ol meşhur “Tureskiý gambit”, “Wratar Galaktiki”, “Awgust. Wosmogo” ýaly we başga-da birnäçe filmleri döretdi. Mundan başga-da, russiýaly režissýor tanymal kinematografiýa dinastiýasynyň wekili, has takygy “Ali Baba we kyrk garakçy” filminiň režissýory Latif Faýziýewiň ýegenidir.
Iýul aýynyň başynda taraplar ýüzbe-ýüz duşuşmak we filmi düşürmegiň ähli amaly we guramaçylyk meselelerini jikme-jik işläp geçmek barada ylalaşdylar.
ORIENT news