Aşgabatda welosiped ýörişini geçirmek üçin köçeler bölekleýin ýapylar – karta
02.06.2023 | 12:55 |3-nji iýunda Aşgabatda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipedli ýörişi geçirmek üçin Çandybil köçesini bölekleýin, Bitaraplyk şaýolyny bolsa – doly ýaparlar.
Welosipedli ýörişi guraýjylaryň ORIENT-iň habarçysyna gürrüň bermeklerine görä, ýöriş Çandybil köçesindäki «Welosiped» monumentinden başlanar we Bitaraplyk şaýoly boýunça geçer.
Uzynlygy 11 km bolan welomarafon Bitaraplyk we Galkynyş şaýollarynyň çatrygynda tamamlanar. Karta bilen aşakda ýerleşdirilen suratda jikme-jik tanşyp bolýar.
ORIENT-e berlen maglumatlara görä, şäheriň galan böleginde şol güni awtoulagyň hereketini çäklendirmek göz öňünde tutulmaýar.
Bütindünýä welosiped güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça welosipedi ýönekeý, elýeterli, arassa we ekologiki taýdan howpsuz ulag serişdesi hökmünde ulanmagyň artykmaçlyklaryna ünsi çekmek maksady bilen yglan edildi.
Artur PETROSÝANS