Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda ekologiki çäre geçirdi
26.05.2023 | 10:23 |Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda agaçlary oturtmak boýunça ekologiki çäre geçirdi. Çäre Azerbaýjan döwletini esaslandyryjy Geýdar Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlandy.
Çärä gatnaşyjylar tarapyndan uzak ýaşamagyň we güýjüň alamaty hasaplanýan dub agajynyň 100 nahaly oturdyldy. Agaçlaryň oturdyljak çäkleriniň öňünden diplomatiki wekilhana tarapyndan arassalanandygyny we abadanlaşdyrylandygyny, şeýle hem suwaryş ulgamy bilen enjamlaşdyrylandygyny belläp geçmelidiris.
«Geýdar Aliýew mydama daşky gurşawy goramagyň we şäherleri baglyga büremegiň meselelerine aýratyn üns berýärdi. Häzirki günde Azerbaýjanyň goraghanalarynyň köpüsi, seýilgähleri we baglyk ýerleri onuň ady bilen baglanyşyklydyr. Biz Türkmenistanda hem edil Azerbaýjandaky ýaly Geýdar Aliýew hakyndaky ýagty ýadygärlige hormat goýýandyklaryny bilýäris» – diýip, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gasan Zeýnalow aýtdy.
Diplomat Türkmenistanyň hökümetine Azerbaýjanda 2023-nji ýylyň «Geýdar Aliýewiň ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ilçihana çäreleri geçirmekde beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.
«Goý şu gün Geýdar Aliýewiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp oturdylan dub agaçlary köp asyrly, berk azerbaýjan-türkmen doganlygynyň we dostlugynyň alamaty bolsun!» – diýip, Zeýnalow belledi.
ORIENT habarlar