BMGÖM galyndylary energiýanyň alternatiw çeşmeleri hökmünde ulanmak barada seminar gurady
20.05.2023 | 10:43 |Galyndylaryň energiýanyň alternatiw çeşmesi hökmünde ulanylmak mümkinçiligi BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan guralan seminarda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Okuw «Türkmenistandaky durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilmegi» taslamasynyň çäklerinde guraldy we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinden peýdalanmak babatynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge gönükdirilendir.
Seminara gatnaşyjylar şeýle hem ýurduň elektro-energetika pudagyna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, kada-hukuk resminamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna garap geçdiler.
Halkara bilermenler Alekseý Zaharow we Ýelena Žuçenko Türkmenistanyň şäherleriniň köçe yşyklandyryşynda energiýany tygşytlaýjy çyralaryň ulanylyş aýratylyklary barada gürrüň berdiler.
«Günüň we ýeliň energiýasynyň esasynda generirlenmäni peýdalanyp, daşarky yşyklandyryşyň gurluşlaryny taslamalaşdyrmak, gurnamak we olara hyzmat etmek tejribeleri boýunça bilimleriň alynmagy bilen, ýaşlarda EGÇ pudagynda zähmet bazarynda bäsleşikli artykmaçlyk peýda bolýar» – diýip, Zaharow belledi.
ORIENT habarlar