Iň täze habarlar

Türkmenistanly okuwçy mekdep okuwçylarynyň Awiasiýa boýunça olimpiadanyň ýeňijisi boldy

20.05.2023 | 12:11 |
 Türkmenistanly okuwçy mekdep okuwçylarynyň Awiasiýa boýunça olimpiadanyň ýeňijisi boldy

Aşgabatdaky A.S. Puşkin adyndaky bilelikdäki Türkmen-rus umumybilim berýän mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Kirill Sultanmuradow 2022-2023-nji okuw ýylyndaky mekdep okuwçylarynyň Awiasiýa boýunça olimpiadada üçünji ýeri eýeledi. Ol Rosawiasiýanyň ýardam etmeginde başlangyç uçuş taýynlygy bolan Moskwanyň umumybilim berýän mekdebi tarapyndan geçirildi.

Kirill Sultanmuradowy gaýybana gutladylar, ýakyn wagtda oňa diplom gowşurylar.

Awiasiýa boýunça ýaryşyň jemleri boýunça Moskwa şäheriniň 1358-nji mekdebiniň okuwçysy Aleksandr Perfilow iň gowusy boldy, ikinji ýeri - Russiýanyň Ýaroslawl şäheriniň 58-nji mekdebiniň okuwçysy Nikolaý Owçinnikow eýeledi.

Ýeňijileri Rosawiasiýanyň ýolbaşçysynyň orunbasary Dmitriý Ýadrow gutlady we olara mundan beýläkde üstünlikleri arzuw etdi. Ol raýat awiasiýasynda kämil ýoluň saýlanmagy adamdan çuňňur bilimleri, şeýle hem işe jogapkärli çemeleşmegi we tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini talap edýändigini belledi.

Mekdep okuwçylarynyň awiasiýa olimpiadasy ýaşlary hünäre ugrykdyrmaga, uçar dolandyryjysynyň kärini meşhur etmäge, şeýle hem raýat awiasiýasynyň okuw mekdeplerine girýän dalaşgärleriň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Oňa Russiýanyň 12 sebitinden we daşary ýurtdan ýetginjek gyzlar we oglanlar gatnaşdylar, olar umumybilim berýän hünär derslerini we mekdep maksatnamasynyň dersleri bilen utgaşdyrylan ýörite awiasiýa dersleri boýunça synaglary tabşyrdylar. Gatnaşyjylaryň beden taýdan taýýarlyklary aýratyn synag edildi.

ORIENT habarlar

Foto: aviationunion.ru

Şeýle hem okaň: