Duşenbede Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine garşy göreşmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
19.05.2023 | 10:29 |Türkmenistan Duşenbede öz işini tamamlan howanyň üýtgemegi boýunça 5-nji Merkezi Aziýa Maslahatyna (ЦАКИК-2023) wekilçilik etdi.
Iki günlük çäre Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiki merkezi (РЭЦЦА) tarapyndan «Howanyň üýtgemegine we onuň netijelerini Aral deňziniň sebitinde gowşatmaga goşmaça maliýeleşdirme» (CAMP4ASB AF) we «Suw-energiýa-azyk» özara arabaglanyşygynyň esasynda pudagara maliýeleşdirmesini höweslendirmek boýunça Merkezi Aziýa Dialogy» (Neksus) taslamalarynyň çäklerinde guraldy.
Maslahat gyzyklanýan taraplar, şol sanda döwlet we hususy pudaklaryň wekilleri, halkara guramalaryň, ösüş banklarynyň, bilermenler jemgyýetçiliginiň wekilleri, ýaşlar liderleri, ylmy edaralaryň wekilleri üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Pariž ylalaşygynyň çäklerinde öz borçnamalaryny ýerine ýetirmek mümkinçiligi hakynda sebitleýin köptaraplaýyn dialog üçin meýdança döredildi.
Gatnaşyjylar suw we energetika howpsuzlygy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Merkezi Aziýada karbonlaşdyrmagy ýok etmegiň maksatlarynyň uludygy, ýöne oňa ýetmegiň mümkindigi bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlara gazylyp alynýan ýangyja bolan garaşlylygy azaltmak üçin energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň zerurdygy nygtaldy.
Iki günüň dowamynda 6 esasy we 11 ugurdaş sessiýalar geçirildi.
ORIENT habarlar