Aşgabatdaky Janly tebigatyň milli muzeýinde Köpetdag goýunlarynyň sany köpeldi
17.05.2023 | 00:30 |Täze doglan guzylar paýtagt haýwanat bagynyň "ýaşaýjylarynyň" üstüni doldy. Bu baharda dag goýnunyň 9 guzusy dünýä indi.
Häzirki wagtda Janly tebigatyň milli muzeýinde bu haýwanlaryň 13-si saklanýar. Olaryň 12-si urkaçy, 1-i goç. Köpetdag goýunlary aprel aýynyň başyndan maý aýynyň başyna çenli köpelýär. Olar, köplenç, ekiz guzlaýarlar. Bu ýyl 9 guzy dünýä indi we olaryň 4-si ekiz.
Dag goçy Merkezi Aziýa sebitinde ýaşaýar - olara Türkmenistanyň çäginde - Kopetdagyň, Balkan daglarynyň, Koýtendagyň gerişlerinde, Gazagystanda, Özbegistanda, Owganystanda, şeýle hem Hazar deňziniň gündogar kenarlarynda duş gelmek bolýar.
Köpetdag goçy goşatoýnaklylara degişlidir we uly şahlary bilen meşhurdyr. Ol garry goçlarda uzynlygy 151 sm-e, düýbündäki kemerlerden - 55 sm-e, agramy hem 22 kg çenli ululykda gabat gelýär. Dag goçy, takmynan 16 ýyl ýaşaýar – diýip, turkmenistaninfo.gov.tm. neşiri habar berýär.
ORIENT news