Iň täze habarlar

Türkmen wekiliýeti ESKATO-nyň sessiýasynyň çäklerinde Aral meselesi baradaky tanyşdyryş bilen çykyş etdi

19.05.2023 | 16:03 |

Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary Begmyrat Ataýewiň baştutanlygynda Bangkokda geçýän Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça Ykdysady we sosial komissiýanyň (ESKATO) 79-njy sessiýasynyň ugurdaş çäresiniň çäklerinde Aral meselesi barada tanyşdyryş bilen çykyş etdi.

Türkmen diplomatlarynyň çykyşlary Aral deňzine kömek etme Maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegine bagyşlandy, onuň maksady gurap barýan deňziň sebitinde suw hojalyk, ekologik we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmakdyr – diýip, Malaýziýadaky türkmen diplomatik wekilhanasy habar berýär.

Türkmen wekiliýeti Aral krizisiniň netijeleri baradaky habardarlylygyň ýokarlanmagyna bil baglaýar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekilleri sebitleýin ekologiki betbagtçylygyň ýaramaz täsirlerini gowşatmak boýunça alnyp barylýan milli çäreler hakynda gürrüň berdiler.

ORIENT habarlar

Foto: @tkm_emb_kl

Şeýle hem okaň: