Iň täze habarlar

Gemini Live has akylly bolýar: Google kamera arkaly tanamak we goşundylar bilen integrasiýany goşdy

24.08.2025 | 16:55 |
 Gemini Live has akylly bolýar: Google kamera arkaly tanamak we goşundylar bilen integrasiýany goşdy

Google kompaniýasy wirtual kömekçisi Gemini Live üçin birnäçe täze aýratynlygy hödürledi. Esasy täzelikler kömekçiniň smartfon kamerasynyň üsti bilen obýektleri tanamak ukyby, goşundylar bilen has çuň integrasiýa we kämilleşdirilen audio-model bilen baglanyşyklydyr.

Indi Gemini Live ulanyjynyň kamera arkaly görkezýän zatlaryny tanap, olar boýunça maslahat berip biler. Mysal üçin, kömekçi iş üçin dogry gurallary saýlap almaga ýardam edip biler. Mundan başga-da, Gemini Live beýleki goşundylar bilen hem özara täsirleşmegi başarar: eger siz ýol ugry hakda gürrüň edýän bolsaňyz, kömekçi «Habarlar» we «Kontaktlar» goşundylaryndaky maglumatlary ulanyp, gijä galýandygyňyz barada awtomatiki usulda habar iberip biler.

Şeýle hem Gemini Live-iň audio-modeli täzelenip, ulanyjynyň sesiniň intonasiýasyny we tonuny has takyk tanamaga mümkinçilik berer. Şol bir wagtyň özünde kömekçi hem öz sesiniň intonasiýasyny we gepleýiş tizligini üýtgedip, aragatnaşygy has tebigy edip biler. Hatda ol belli bir gahrymany gaýtalap, bir wakany dramatiki görnüşde gürrüň bermegi başarar. Täze mümkinçilikler ilki bilen Google Pixel 10 smartfonlarynda, soňra bolsa beýleki enjamlarda elýeterli bolar.

ORIENT

Foto: Google

Şeýle hem okaň: