OpenAI Hindistanda ilkinji edarasyny açýar
25.08.2025 | 17:00 |OpenAI kompaniýasy ýakyn wagtda Hindistanda ilkinji edarasyny açjakdygyny mälim etdi. Edara ýakyn aýlarda Nýu-Delide işe giriziler we bu kompaniýanyň dünýäniň iň uly hem-de iň çalt ösýän emeli aň bazarlarynyň biri bolan Hindistanda gatnaşygyny giňeltmegine mümkinçilik berer.
Hindistan internet ulanyjylarynyň sany boýunça dünýäde ikinji ýerde durýar, şeýle-de geçen ýylyň dowamynda ýurduň içinde ChatGPT ulanyjylarynyň sany dört esse artdy. Bu bazarda orun tapmak we Google hem-de Meta ýaly ägirtler bilen bäsleşip bilmek üçin OpenAI ýörite elýeter bahaly tarifi girizdi we ýerli işewürler, programma düzüjiler hem-de bilim ulgamy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär.
OpenAI-niň baş direktory Sem Altmanyň sözlerine görä, ýerli edarany açmak — ýurduň ähli ýerinde ösen emeli aň tehnologiýalaryny elýeterli etmek we «Hindistan bilen bilelikde» gurallary döretmek üçin möhüm ädimdir. Bahalaryň duýgur bazarynda girdejini artdyrmak ýaly kynçylyklar bar bolsa-da, kompaniýa öz meýilnamalaryna ynamly we Hindistanyň hökümeti tarapyndan işjeň goldanylýar.
ORIENT