Surreý uniwersitetiniň alymlary GPS ulanmaýan innowasion PEnG nawigasiýa ulgamyny işläp taýýarlady. Bu tehnologiýa emeli aň we kompýuter görüjiligine aýratynlygyna esaslanýar. Synaglaryň dowamynda ulgam ajaýyp takyklygy görkezdi: onuň ýalňyşlygy bary-ýogy 22 metre deň bolup, adaty hemra ulgamlaryndan 40 esse has gowudyr.
PEnG ulgamy aýratyn-da GPS signaly gowşak ýa-da ýok ýerlerde, meselem, tunnellerde, ýerasty awtoduralgalarda hem-de «şäher jülgeleri» diýilýän ýerlerde has netijeli işleýär. Ulgam ýerleşýän ýeri iki tapgyrda kesgitleýär: ilki bilen hemra we köçe suratlaryny seljerip takmynan ýerleşişi anyklaýar, soň bolsa adaty kamera maglumatlarynyň kömegi bilen ony has anyklaşdyryp, kamerany güýçli nawigasiýa gurallaryna öwürýär.
Işläp taýýarlaýjylar şeýle tehnologiýanyň awtonom ulaglaryň täze neslini ösdürmek üçin zerurdygyny belleýärler. Eger iş prototipiniň synaglary üstünlikli geçse, bu ulgamyň köpçülikleýin ornaşdyrylmagyna eýýäm 2027-nji ýylyň başynda garaşylýar.
ORIENT
