Iň täze habarlar

DÖM-laryň ýaş ilçileri nyşan hökmünde agaç nahallaryny ekmek bilen Aşgabatda Halkara Ýer gününi bellediler

20.04.2023 | 22:52 |
 DÖM-laryň ýaş ilçileri nyşan hökmünde agaç nahallaryny ekmek bilen Aşgabatda Halkara Ýer gününi bellediler

Penşenbe güni, Aşgabatda DÖM-nyň ýaş ilçileri, şeýle hem UNISEF-iň we Fransiýanyň Bouygues Turkmen kompaniýasynyň wekilleri tarapyndan her ýyl 22-nji aprelde bellenilýän Halkara Ýer Gününiň öňüsyrasynda daşky gurşaw boýunça çäre geçirildi. Carbon Co-Working okuw merkeziniň çäginde, Durnukly Ösüş Maksatlarynyň 17 nyşany hökmünde 17 agaç nahallaryny ekdiler.

1.jpg

Bütin dünýäde bellenilýän Halkara Ýer güni, daşky gurşawy goramak, planetany ýaşyllaşdyrmak we tebigata seresaply çemeleşmegi höweslendirmek üçin iň peýdaly we adamkärçilikli baýramçylyk hasaplanýar.

«Daşky gurşawy goramagyň umumy jogapkärçiligimizdigine ynanýarys we planetamyzyň durnukly geljegine goşant goşmaga çalyşýarys», -diýip DÖM Ýaş ilçisi Nowruz Nurberdiýew aýtdy.

2-4.jpg

Çäräni gurnaýjylar, öňrak yglan edilen iň oňat daşky gurşaw taslamasy üçin çagalaryň döredijilik bäsleşiginiň netijelerini hem jemlediler. Ýeňijilere ýatdan çykmajak sowgatlar berildi.

ORIENT news

Foto: ЮНИСЕФ

Şeýle hem okaň: