Eýran Hazar düwlenlerini we akulalaryny goramak boýunça maksatnamalary işläp düzýär
24.04.2023 | 18:51 |Eýranyň daşky gurşawy goramak departamenti Hazar düwlenlerini we akulalary goramak boýunça maksatnamany işläp düzýär – diýip, Tehran Times habar berýär.
Eýýäm bar bolan konwensiýa bu jandarlara gorag derejesiniň berilmegi goňşy ýurtlar bieln deňiz eko-ulgamlary babatynda hyzmatdaşlygyň giňelmegine ýardam edýär.
Mundan başga-da, indi Eýranyň hökümeti pyşdyllaryň seýrek duş gelýän görnüşleriniň, şol sanda öz maşgalasyndan ýeke-täk görnüş bolan ýumşak sowutly ýewfrat pyşdylynyň hukuk howpsuzlygyny üpjün etmäge girişer, onuň goňşysy —hazar pyşdyly hem gapdalda galmaz.
Milli meýilnama diňe bir Hazar deňziniň ekoulgamynyň faunasyny goramagy däl-de, eýsem Pars, Ormuz we Oman aýlaklarynyň akwatoriýalaryny goramagy hem öz içine alýar.
ORIENT habarlar